img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

MOLDOWADA NURMYRAT SARYHANOWYŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 120 ÝYLLYGY MYNASYBETLI ONUŇ MEMORIAL ÝADYGÄRLIGINE GÜL GOÝUŞ ÇÄRESI GEÇIRILDI

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

2026-njy ýylyň 29-njy aprelinde Moldowa Respublikasynyň Anenii Noý etrabynyň Delakeu obasynda meşhur türkmen ýazyjysy we harby habarçysy Nurmyrat Saryhanowyň memorial ýadygärligine gül desselerini goýmak çäresi geçirildi.

Çärä Türkmenistanyň şol bir wagtda Moldowa Respublikasyndaky akkredetirlenen Ilçisi Toýly Ataýew, Anenii Noý etrabynyň ýolbaşçysy Moiseý Aleksandru, Delakeu obasynyň häkimi George Wasilitsa, etrap geňeşiniň we jemgyýetçilik wekilleri, mekdep okuwçylary we oba ýaşaýjylary gatnaşdylar. Gatnaşyjylar 1944-nji ýylyň maý aýynda Moldowa topragyny faşist basybalyjylaryndan azat etmek ugrundaky söweşde gahrymanlarça wepat bolan ýazyjynyň ýadygärligini hormatladylar.

Nurmyrat Saryhanow 1906-njy ýylda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň golaýyndaky Yzgant obasynda daýhan maşgalasynda dünýä indi. 2026-njy ýylda häzirki zaman türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleriniň biri, ady ýurdumyzyň taryhynda mynasyp orun eýelän ýazyjynyň doglan gününiň 120-nji ýyl dönümi bellenilýär. Onuň halkyň durmuşyny we däp-dessurlaryny çuňňur aňlamak esasynda kemala gelen edebi mirasy öz Watanyna bolan tüýs ýürekden söýgi, ynsanperwerlik we ýokary çeperçilik ussatlygy bilen beýan edilen.

Nurmyrat Saryhanowyň eserleri türkmen prozasynyň ajaýyp nusgalaryna öwrüldi.

N.Saryhanow türkmen edebiýatyň görnükli wekili hökmünde türkmen prozasynyň ajaýyp nusgalaryna öwrülen eserleri we powestleri ýazdy. Olarda türkmen halkynyň durmuşynyň mowzuklary şöhlelendiripdir. Onuň iň meşhur eseri bolan “Şükür bagşy” powesti ýazyjy aradan çykandan soň neşir edildi we soňlugy bilen ekranlaşdyryldy.

1942-nji ýylyň güýzünde N.Saryhanow fronta gidýär we 2-nji Ukraina frontynyň harby bölümlerinde söweşip, türkmen ýazyjysy Ukrainany, soňra bolsa Moldowany faşist basybalyjylaryndan azat etmäge gatnaşypdyr. 1944-nji ýylyň 4-nji maýynda Nurmyrat Saryhanow söweşde gahrymanlarça wepat bolupdyr.

Parahatçylyk we azatlyk ugrunda janyny gurban eden ajaýyp ýazyjynyň we gahrymanyň ýatlama dabarasyna gatnaşyjylar Nurmyrat Saryhanowyň gahrymançylykly ykbalynda edebi söz bilen edermenligiň bir ýere jemlenmeginiň nusgasyna öwrülendigini bellediler. Onuň gysga, ýöne parlak durmuşy hem-de ajaýyp eserleri batyrlygyň, wepalylygyň we ruhy güýjüň mysalydyr.

Ikinji Jahan urşy döwründe wepat bolan esgerleriň doganlyk mazary ýerleşýän Delakeu obasyndaky ýadygärlik, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda, Moldowanyň döwlet ýolbaşçylarynyň goldawy bilen türkmen tarapynyň maliýeleşdirilmeginde düýpli abatlanyldy, hem-de 2017-nji ýylda Moldowa Respublikasynyň Prezidentiniň we resmi türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylandygy bellärliklidir.