img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

AWAZADA MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ WE AZERBAÝJANYŇ PREZIDENTLERINIŇ KONSULTATIW DUŞUŞYGY GEÇIRILER

photo

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň geçiriljekdigini aýtdy.

Raşid Meredow 9-njy oktýabrda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini we şunuň bilen baglylykda, Daşary işler ministrligi tarapyndan Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komiteti bilen bilelikde ýokary derejeli duşuşyga degişli taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygyny belledi.

Habarda bellenilişi ýaly, oktýabrda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny” atly halkara zenanlar dialogy geçiriler. Şeýle-de Awazada “Demografik prosesler we durnukly ösüş: häzirki zamanyň wezipeleri we halkara tejribesi” atly halkara maslahatyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şu ýylyň 7-nji oktýabrynda bu ýerde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň “Saglygy goraýyş hyzmatlaryna ählumumy elýeterliligi üpjün etmek we Durnukly ösüş maksatlary” atly maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Wise-premýeriň aýtmagyna görä, 7-nji oktýabrda Awazada Hazar deňziniň ekologiýasy bilen bagly meseleler boýunça Hazarýaka döwletleriň ministrler derejesindäki duşuşygyny guramak göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda guraljak halkara çärelere gowy taýýarlyk görmegiň we olary ýokary derejede geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.