img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

KIÝEWDE BEÝIK TÜRKMEN ŞAHYRY WE AKYLDARY MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ÝADYGÄRLIGINE GÜL GOÝUŞ DABARASY GEÇIRILDI HEM-DE TÜRKMENISTANYŇ MEDENIÝET WE SUNGAT IŞGÄRLERINIŇ GÜNI BELLENILDI

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

2026-njy ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe, şeýle-de görnükli türkmen şahyry, pelsepeçisi, Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň şygryýet günlerine bagyşlanan dabaraly çäreleri geçirdi.

Baýramçylyk maksatnamasynyň esasy bölegi Kiýew şäheriniň merkezi seýilgähleriniň birinde ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy bilen başlandy. Çärä Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň, daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň, Medeniýet ministrliginiň, döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş düzümleriniň, ylym-bilim edaralarynyň, kitaphana jemgyýetçiliginiň, ýazyjy-şahyrlaryň, terjimeçileriň, jemgyýetçilik işgärleriniň, türkmen diasporasynyň wekilleri, talyplar we Türkmenistanyň köp sanly dostlary gatnaşdy.

Dabara gatnaşyjylar türkmen nusgawy edebiýatynyň beýik wekili Magtymguly Pyragynyň hatyrasyny hormatladylar. Onuň edebi mirasynyň dünýä ruhy medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülendigi nygtaldy. Şeýle hem Kiýewdäki Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň türkmen we ukrain halklarynyň köpýyllyk dostlugynyň, özara hormatynyň we berk medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň nyşanydygy bellenildi.

Baýramçylyk çäreleriniň dowamy Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynda resmi kabul edişlik bilen dowam etdi.

Dabaranyň açylyşda Türkmenistanyň Ukrainadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi T.Ataýew Medeniýet we sungat işgärlerini hünär baýramy bilen gutlap, şu ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” şygary astynda geçýändigini hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygyny bellemäge taýýarlyk görülýändigini belledi.

Ilçi milli medeni mirasy gorap saklamak we wagyz etmek işleriniň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary esasynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini aýratyn nygtady.

Çykyşda Magtymguly Pyragynyň şahsyýetine aýratyn orun berildi. Onuň ynsanperwerlik, parahatçylyk, adalatlylyk, halkyň jebisligi, adama hormat goýmak we ahlak taýdan kämilleşmek baradaky pikirleriniň häzirki döwürde-de öz ähmiýetini saklaýandygy bellenildi.

Şeýle hem beýik şahyryň döredijilik mirasynyň halkara derejede giňden ykrar edilýändigi, onuň golýazmalarynyň UNESKO-nyň “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilendigi, 2024-nji ýylda bolsa TÜRKSOÝ guramasynyň howandarlygynda giň gerimli çäreleriň geçirilendigi, şol ýylyň Magtymguly Pyragy ýyly diýlip yglan edilendigi nygtaldy.

Ilçi Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşi, ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak, senagaty, energetikany, ulag-logistika infrastrukturasyny, sanly tehnologiýalary ösdürmek boýunça amala aşyrylýan iri döwlet maksatnamalary, şeýle hem ýurduň iri gaz ýataklaryny özleşdirmek we halkara energetika taslamalary barada hem gürrüň berdi.

Şol bir wagtyň özünde gurluşyk, nebitgaz toplumy, senagat, derman senagaty we beýleki ugurlarda ukrain kompaniýalarynyň Türkmenistanda üstünlikli taslamalary durmuşa geçirýändigi bellenildi.

Ilçihananyň ukrain hyzmatdaşlary bilen bilelikde durmuşa geçirýän medeni ylym-bilim taslamalaryna hem aýratyn üns berildi. Olar iki ýurduň arasynda ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilendigi nygtaldy.

T.Ataýew türkmen-ukrain hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilýändigini, häzirki günlerde ikitaraplaýyn pudagara dialogyň işjeňleşýändigini, medeni-ynsanperwer we bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň giňelýändigini, şeýle hem özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.

Dabara gatnaşyjylaryň öňünde Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa boýunça müdirliginiň wekili söz sözläp, türkmen-ukrain gatnaşyklarynyň häzirki depginine ýokary baha berdi, häzirki zaman halkara gatnaşyklarynda medeniýetiň birleşdiriji ornuny aýratyn belledi hem-de Ukrainanyň köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Çäräniň çäklerinde Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwreniji, terjimeçi, meşhur ukrain şahyry, Taras Şewçenko adyndaky “Proswita” Bütinukraina jemgyýetiniň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň ýokary derejeli döwlet sylagy “Magtymguly Pyragy” medaly bilen iki gezek sylaglanan Pawel Mowçan çykyş etdi.

P.Mowçan Magtymgulynyň döredijiliginiň ruhy gymmatlygynyň bakydygyny belläp, onuň şygyrlarynyň adam mertebesi, rehimdarlyk, ahlak jogapkärçiligi, Watana söýgi, halklaryň arasynda düşünişmek we parahatçylyk ýaly baky gymmatlyklara bagyşlanandygyny aýtdy. Şol sebäpli beýik türkmen şahyrynyň eserleriniň dürli ýurtlaryň we nesilleriň wekillerine ýakyn we düşnükli bolýandygy nygtaldy.

Baýramçylyk ruhuny türkmen diasporasynyň wekilleriniň çykyşlary has-da baýlaşdyrdy. Magtymguly Pyragynyň goşgulary türkmen we ukrain dillerinde okaldy, dutar we gyjak saz gurallarynda milli saz eserleri ýerine ýetirilip, myhmanlar türkmen saz sungatynyň baýlygy bilen tanyşdyryldy.

Myhmanlara Magtymguly Pyragynyň eserleriniň dünýäniň dürli dillerindäki neşirlerini, onuň edebi mirasyny öwrenen alymlaryň işlerini, şahyryň ömri we döredijiligi baradaky kitaplary öz içine alýan kitap-sergisi hem görkezildi.

Geçirilen çäreler medeniýetiň halklaryň arasynda özara düşünişmegi we ynamy pugtalandyrýan iň möhüm faktorlaryň biridigini ýene bir gezek subut etdi. Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy parahatçylyk, ynsanperwerlik, ruhy baýlyk we özara hormat ýaly umumadamzat gymmatlyklarynyň töwereginde adamlary birleşdirmegi dowam etdirýändigini hem-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine berk esas bolup hyzmat edýändigini görkezdi.