Ukrainanyň Kiýew şäherinde Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçirilen çäre

2021-nji ýylyň 1-nji iýunynda Bütindünýä welosiped güni we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Ilçihanamyz tarapyndan Ukrainanyň Prezidentiniň Diwanynyň garamagyndaky "Daşary ýurt wekilhanalaryna hyzmat edýän Baş müdirlik" döwlet kärhanasy bilen bilelikde Kiýew şäheriniň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplarymyzyň, türkmen diasporanyň wekilleriniň hem-de Ukrainanyň raýatlarynyň gatnaşmagynda welosiped ýörişi geçirildi.

Häzirki wagtda bütin dünýäde badalga alýan daşky gurşawyň goragyna ünsi güýçlendirmegiň fonunda daşary ýurtlarda, şol sanda Ukrainada okaýan ýaşlarymyzyň we bu ýerde ýaşaýan türkmen diasporanyň arasynda welosiped sürmek meşhurlygy ýokarlanýar. Welosiped sporty ýurdumyzyň milli daşky gurşaw syýasatynyň ugurlarynyň biridir. Şonuň üçin, olar welosiped sürmek çakylygyna uly höwes bilen seslendiler.

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sagdyn durmuş ýörelgelerini ündeýän pikirleri we Bütindünýä welosiped gününi bellemek baradaky başlangyçlary Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan goldanylyp, her ýylyň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan edilmegi çärä gatnaşyjylarda begençli duýgulary döredýär.

Çärä başlamazdan ozal ilçihananyň diplomatik işgärleri tarapyndan ýaşlara şu ýyl Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň we Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygyny giňden belleýändigini, Bütindünýä welosiped günini hem ildeşlerimiz bilen daşary ýurtlarda ýaýbaňlandyrmak maksady bilen geçirilýändigi düşündirildi.

Geçirilen bu çärä gatnaşan türkmen talyplarymyzyň we Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň wekilleriniň Milli Liderimize sporty ösdürmekde, Watanymyzyň abraýyny bu ulgamda dünýä tanatmakda alyp barýan tutanýerli işleri üçin hoşallyk bildirendikleri aýratyn bellärliklidir. Şeýle-de, geçirilen bu çäräniň, talyplarymyzyň işjeň dynç almaklary, hem-de sport durmuşynda welosiped ýörişiniň adamyň immunitetini ýokarlandyrmagyň iň gowy usullarynyň biridigi barada bellenilip geçildi.

Çäre Kiýew şäherinde, Dnepr derýasynyň sag kenarynda ýerleşen Truhanow adasynda geçirilip, ol dynç alyş parklar toplumyny, tokaý zolaklaryny, suwa düşmäge niýetlenen Dnepriň kenarýakalaryny, Dnepr derýasynyň üstünden geçilýän pyýadalar we welosiped ýodaly köpüri geçelgesini hem-de sportuň dürli görnüşleri üçin niýetlenen meýdançalary öz içine alýar.