img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMEN TÜRGENI ŞABNAM KERIMBAÝEWA HYTAÝDA ÝAŞLARYŇ ARASYNDA GEÇIRILÝÄN DÜNÝÄ ÇEMPIONATYNDA IKI DÜNÝÄ REKORDYNY TÄZELEDI

photo

Agyr atletika boýunça türkmen türgeni Şabnam Kerimbaýewa Hytaý Halk Respublikasynyň Ningbo şäherinde geçirilýän agyr atletika boýunça 91-nji dünýä çempionatynda ýokary netije görkezip, ýaşlaryň arasynda birbada iki dünýä rekordyny täzeledi.

Bäsleşigiň dowamynda türkmen türgeni silterläp götermek maşkynda 89 kilogram agramy üstünlikli göterip, bu ugur boýunça ýaşlaryň arasyndaky dünýä rekordyny täzeledi. Şabnam Kerimbaýewa itekläp götermek maşkynda hem ýokary ussatlyk görkezip, 112 kilogram agramly ştangany götermegi başardy. Şeýlelikde, türkmen agyr atletikaçysy iki maşkyň jemi boýunça 201 kilogram netije gazanyp, ýaşlaryň arasynda täze dünýä rekordyny goýdy.