RSS

SOŇKY HABARLAR

17 Sen

MAGTYMGULYNYŇ GOŞGULARY POLÝAK DILINDE: NIKOLAÝ WASKIWIŇ MAKALASY «TÜRKMENISTAN» GAZETINDE

Esaslandyryjysy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bolup durýan "Türkmenistan" gazetiniň web sahypasynda Ýewropada, Aziýada we dünýäniň beýleki künjeklerinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň terjimelerine, gözleglerine we ýaýbaňlandyrmaga bagyşlanan makala çap edildi. “Magtymgulynyň goşgulary polýak dilinde” atly makala Magtymgulynyň döredijiligini ýadawsyz öwreniji Taras Şewçenko adyndaky Kiýew milli uniwersitetiniň Ukrain dilini öwreniş ylmy-barlag insti...

DOWAMY
16 Sen

TÜRKMENISTANYŇ BÜTINDÜNÝÄ SÖWDA GURAMASYNA AGZA BOLMAGYNYŇ MÜMKINÇILIKLERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2024-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-iň binasynda Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Bütindünýä söwda guramasyna (BSG) agza bolmak departamentiniň direktory Maika Oşikawanyň ýolbaşçylygyndaky BSG-niň wekiliýetiniň agzalarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň BSG-ä agza bolmagy bilen baglanyşykly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Söhbetdeşler Türkmenistanyň BSG-ä agza bolm...

DOWAMY
16 Sen

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE DURMUŞ-YKDYSADY HÄSIÝETLI MÖHÜM WAKALARA BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI

2024-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda şu ýylyň 10-11-nji sentýabrynda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň we sergisiniň (TIF 2024) netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, ýurduň Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri,...

DOWAMY
16 Sen

“TÜRKMENISTAN: ALTYN ASYR” GAZETI OKYJYLARY MEŞHUR UKRAIN AKYLDARY GRIGORIÝ SKOWORODANYŇ TERJIMEHALY BILEN TANYŞDYRÝAR

“Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazeti türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli Aşgabat şäherinde ýubileý ýylynda dabaraly ýagdaýda açylan “Magtymguly Piragy” medeni we seýilgäh toplumynyň çäginde oturdylan daşary ýurt görnükli şahsyýetleriniň ýadygärlikleri barada birnäçe makalalary ýerleşdirýär. Şeýle malakalaryň nobatdakysy bolsa Ukrainanyň görnükli akyldary we magaryfçysy Grigoriý Skoworodanyň şahsyýetine bagyşlanan. Şu ýylyň maý aýynda paýtagtymyzda...

DOWAMY
15 Sen

TÜRKMENISTANYŇ WE YRAK RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

2024-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Yrak Respublikasynyň Daşary işler ministri Fuad Huseýniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky türkmen-yrak gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar. Iň ýokary we ýokary derejelerdäki ikitaraplaýyn s...

DOWAMY
14 Sen

ÖZBEGISTANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI DIPLOMATIK IŞINI TAMAMLAÝAR

2024-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Akmaljon Kuçkarow bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi bilen bagly meselelere garaldy. Duşuşygyň ahyrynda daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ikitar...

DOWAMY
13 Sen

TÜRKMENISTAN BILEN UNODC-NYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2024-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmed Gurbanowyň BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň (UNODC) Merkezi Aziýa ýurtlary, Owganystan, Eýran we Pakistan boýunça täze sebitleýin wekili Oliwer Stolpe bilen duşuşygy geçirildi. Taraplar Türkmenistan bilen UNODC-nyň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler. UNODC-nyň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin 2022-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyn...

DOWAMY