RSS

SOŇKY HABARLAR

25 Okt

Türkmenistanyň Prezidenti gazak kärdeşini Respublika güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe hem-de bu ýurduň doganlyk halkyna milli baýram — Respublika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.  Türkmen döwletiniň Baştutany gutlag hatynda özygtyýarly ösüş ýyllarynda Gazagystanyň döwlet esaslaryny berkitmekde, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda we ýurduň halkara giňişlikdäki abraýyny ýokarlandyrmakd...

DOWAMY
25 Okt

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ KOREÝA RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY

2022-nji ýylyň 23-25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” Hyzmatdaşlyk forumynyň 15-nji mejlisine gatnaşmak üçin Koreýa Respublikasynda iş saparyny amala aşyrdy. 24-nji oktýabrda Seulda R.Meredowyň Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Phýo bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezid...

DOWAMY
24 Okt

KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT

2022-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylarynyň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Sýan Naýçen bilen geçirilen duşuşygynda, Türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň Hytaý Halk Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Baş Sekretary wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybet...

DOWAMY
21 Okt

Şawkat Mirziýoýew Türkmenistana saparynyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Aşgabatda saparda bolmagynyň çäklerinde, şu gün Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriň okunly ösýän Türkmenistan üçin berk binýat bolandygyny belläp geçdi. — Häzirki wagtda doganlyk Türkmenistan milli jebisligi, taryhy we medeni däp-dessur...

DOWAMY
21 Okt

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň metbugat wekillerine ýüzlenmesi

Şu gün «Oguzhan» köşkler toplumynda geçirilen ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşikleri tamamlanandan soňra, metbugat wekilleri üçin brifing geçirildi. Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkyna myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirdi. Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän içerki we daşary syýasatyň netijesinde, Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine Özbegistanda tüýs ýürekden...

DOWAMY
21 Okt

Türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny berkitmäge gönükdirilen resminamalara gol çekildi

Şu gün «Oguzhan» köşkler toplumynda geçirilen ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşikleri tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi. Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew strategik hyzmatdaşlygy giňeltmek baradaky jarnama gol çekdiler. Mundan başga-da, iki ýurduň hökümetleri, ministrlikleri we pudak edaralary derejesinde köptaraplaýyn Türkmenistan-Özbegistan hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilen birnäçe resminamalaragol çekildi. Ola...

DOWAMY
21 Okt

Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew ikiçäk gepleşikleri geçirdiler

Şu gün «Oguzhan» köşkler toplumynda Aşgabada sapar bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi resmi garşylamak dabarasy geçirildi. Garşylamak dabarasyndan soňra iki ýurduň Prezidentleriniň arasynda ikiçäk gepleşikler geçirildi.  Bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda Döwlet Baştutanlary köp asyrlyk dostluga we hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan dogan halklaryň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Syýa...

DOWAMY