RSS

SOŇKY HABARLAR

20 Okt

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýanynda metbugat toparyny (Press pool) döretmek teklip edilýär

2022-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň käbir meselelerine hem-de pudaklary ösdürmek bilen bagly birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň habar beriş serişdeleri ulgamynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaş...

DOWAMY
17 Okt

ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANA RESMI SAPARY MEÝILLEŞDIRILÝÄR

2022-nji ýylyň 20-21-nji oktýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana resmi sapary bolar. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda duşuşygyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça türkmen-özbek dostlukly gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy göz öňünde tutulýar.

DOWAMY
17 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNA DÖWLET SAPARY BOLDY

2022-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary boldy. 14-nji oktýabrda Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalarynyň Astanada gazagystanly kärdeşleri bilen duşuşyklary we gepleşikleri geçirendiklerini bellemek gerek. Olaryň gün tertibine dürli ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan meseleleri girizildi. Energetika ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylan esasy m...

DOWAMY
14 Okt

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy we Singapuryň premýer-ministriniň kanselýariýasynyň ministri özara gatnaşyk meselelerini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Daşary işler Ministri Raşid Meredowyň Singapuryň Premýer-ministriniň edarasynyň Ministri Mohamad Maliki bin Osmanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygynyň barşynda halkara we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri maslahatlaşyldy diýip, türkmen DIM-niň saýty habar berýär. Duşuşyk Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň Gazagystan Respublikasyna halkara we döwlet ähmiýetli birnäçe çärelere gatnaşmak maksady amala aşyrýan resmi saparynyň çäklerinde geçirildi....

DOWAMY
14 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOW GDA-NYŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISINE GATNAŞDY

2022-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Astana şäheriniň Kongres merkezinde Garaşsyz Döwletleriniň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy. Şu Sammitiň gün tertibi GDA-nyň giňişliginde ýakynlaşmagyň ähli ugurlaryna degişli möhüm meseleleri öz içine alýar. Şolar boýunça degişli çözgütleriň kabul edilmegi onuň çäklerinde özara gatnaşyklaryň gurallarynyň kämilleşdirilmegini üpjün eder. Sammitiň dowamynda hyzmatdaşly...

DOWAMY
14 Okt

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ BAE-NIŇ ENERGETIKA WE INFRASTRUKTURA MINISTRI BILEN DUŞUŞYGY

2022-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Astana şäherinde Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň (CICA) VI Sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň BAE-niň Energetika we infrastruktura ministri Suhaýl Al Mazrui bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ýokary derejeli gepleşikleriň ähmiýeti bellenildi we taraplaryň ozal gazanylan ylalaşyklaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegine ygrarlydyklary nygtaldy.  Taraplar şeýle hem ulag-logi...

DOWAMY
12 Okt

TÜRKMENISTANYŇ RAÝATLARYNYŇ DYKGATYNA!

Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy Ukrainanyň çäginde dowam edýän harby ýagdaý, şeýle hem tutuş ýurduň çäginde raketa hüjümleriniň abanýan howpy sebäpli häzirki wagtda Ukrainanyň çäginde bolan ýa-da daşary ýurtlardan Ukraina gelmegi meýilleşdirýän Türkmenistanyň raýatlaryna ýüzlenýär! Raýatlaryň şahsy howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, Ilçihana Türkmenistanyň raýatlarynyň Ukrainanyň çäginden goňşy ýurtlaryň üsti bilen gitmekleriniň, şeýle hem harby ýagdaý ýatyrylýança Ukraina gelmekd...

DOWAMY