RSS

SOŇKY HABARLAR

1 Sen

TÜRKMENISTANYŇ WE BAE-NIŇ WEKILLERI IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGYŇ MÜMKINÇILIKLERINI KÄMILLEŞDIRÝÄRLER

2021-nji ýylyň 29-njy awgusty 2-nji sentýabry aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Birleşen Arap Emirliklerinde saparda bolýar. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýan, Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministriniň Aziýa ýurtlary boýunça orunbasary, Döwlet...

DOWAMY
1 Sen

TÜRKMENISTAN OWGANYSTANA YNSANPERWERLIK KÖMEGINI UGRATDY

2021-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Owganystana ynsanperwerlik kömegi ugradyldy. Bu bolsa goňşy ýurtda bolup geçen wakalardan soňra türkmen tarapynyň Owganystana ýollan ilkinji üpjünçiligi bolup durýandyr. Dostlukly halkyň zerurlyklarynyň nazarda tutulmagy bilen, derman serişdeleriniň, lukmanlar üçin gorag eşikleriň we lukmançylyk esbaplarynyň, zyýansyzlandyryjy serişdeleriň, dermanlyk erginleriniň, gorag agyz-burun örtükle...

DOWAMY
31 Awg

TÜRKMENISTANYŇ WE OWGANYSTANYŇ WEKILLERI IKITARAPLAÝYN IŞJEŇ GATNAŞYKLARY SAKLAÝARLAR

2021-nji ýylyň 31-nji awgustynda «Serhetabat-Turgundy» gözegçilik-göýberiş nokadynda Owganystanyň Hyrat welaýatynyň ygtyýarly wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga şeýle-de iki ýurduň bank-maliýe we lukmançylyk edaralarynyň, beýleki ugurdaş hem-de harby düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar. Söhbetdeşligiň dowamynda häzirki hereket edýän sanitar-epidemiologiki kadalarynyň nazarda tutulmagy bilen, serhetýaka zolaklarynda serhet, gümrük we fito-sanitar gözegçiliginiň amala aşyrylmagy bile...

DOWAMY
31 Awg

BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 76-NJY MEJLISINDE TÜRKMENISTANYŇ ILERI TUTÝAN GARAÝYŞLARY

Giriş Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisine dünýäniň gün tertibiniň esasy meselelerini çözmek, ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy gorap saklamak hem-de berkitmek işinde BMG-niň esasy we utgaşdyryjy ornuny tassyklamak, Durnukly ösüş maksatlaryny doly möçberde amala aşyrmak boýunça halkara tagallalary yzygiderli birleşdirmek işinde möhüm tapgyr hökmünde garaýar. Baş Assambleýanyň öňde boljak mejlisiniň barşynda Türkmenistan öz işinde Bit...

DOWAMY
30 Awg

DEMIR ÝOLUŇ GURLUŞYGY DIKELDILDI

2021-nji 30-njy awgustynda Owganystandaky «Аkina-Аndhoý» demir ýol bölegindäki gurluşyk işleri gaýtadan dikeldildi.  Mälim bolşy ýaly, 2014-nji ýylyň 6-njy iýunynda «Kerki-Ymamnazar-Аkina-Аndhoý» demir ýolunyň gurluşygyna badalga berildi. Owganystanyň «Akina-Andhoý» beketleriniň aralygynda uzynlygy 30 kilometre barabar bolan demir ýolunyň açylyş dabarasy 2021-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda geçirildi.    Häzirki döwürde bu meýdançada tehniki-gurnama işleri alnyp barylýar we olaryň ýakyn wagtda...

DOWAMY
30 Awg

TÜRKMENISTANYŇ, TÄJIGISTANYŇ WE AWSTRIÝA RESPUBLIKASYNYŇ WEKILLERI OWGANYSTANDAKY ÝAGDAÝLARY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

Şu gün, 30-njy awgustda Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Awstriýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň, şeýle-de migrasiýa meselelerine jogapkär guramalarynyň wekilleriniň owgan meselesi boýunça onlaýn görnüşinde duşuşygy geçirildi. Duşuşyk awstriýa tarapynyň başlangyjy bilen guraldy we oňa Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işleri ministri Aleksandr Şallenberg hem-de Awstriýanyň Içeri işler ministri Karl Nehammer wekilçilik etdiler.          Duşuşygyň dowamynda taraplar Owgany...

DOWAMY
30 Awg

TÜRKMENISTAN GÖZEGÇILIK-GOÝBERIŞ NOKATLARYNYŇ TALABALAÝYK IŞLEMEGINI ÜPJÜN ETMEK BABATDA OWGAN TARAPY BILEN IŞJEŇ HYZMATDAŞLYK EDÝÄR

2021-nji ýylyň 30-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, şeýle-de Türkmenistanyň degişli pudaklaýyn dolandyryş we harby edaralarynyň wekilleri Owganystanyň Farýab welaýatynyň ygtyýarlandyrylan wekilleri, hususan-da, Andhoý, Hançarbag, Gurgan etraplarynyň häkimleri hem-de Akina gümrük nokadynyň başlygy bilen duşuşdylar. Taraplar serhetýaka sebitlerde serhet, gümrük we fitosanitariýa gözegçiligi boýunça wezipeleriň ýerine ýe...

DOWAMY