RSS

SOŇKY HABARLAR

25 Maý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BELARUS RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRINI KABUL ETDI

2024-nji ýylyň 24-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Roman Golowçenkony kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin çuňňur hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň mähirli salam...

DOWAMY
24 Maý

UKRAINANYŇ ÇAGALAR MILLI KITAPHANASYNDA “TÜRKMEN HALKYNYŇ MEDENI GYMMATLYKLARY” ADY BILEN GEÇIRILÝÄN SERGISI

Ukrainanyň Çagalar Milli kitaphanasyna okyjylary we hemmeler üçin dykgat! 2024-nji ýylyň 23-nji maýyndan 30-njy maýy aralygynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy we “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli Ukrainanyň Çagalar Milli kitaphanasynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy bilen bilelikde guralan “Türkmen halkynyň medeni gymmatlyklary” atly suratlaryň, kitaplaryň we milli egin-eşikleriň sergisi geçirilýär. Kitaphanany...

DOWAMY
23 Maý

TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GDA-NYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞDY

2024-nji ýylyň 22-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin Milli Liderimize hoşallygyny beýan edip, Arkalaşygyň çäklerinde deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşl...

DOWAMY
23 Maý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GDA-NYŇ BAŞ SEKRETARYNY KABUL ETDI

2024-nji ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi. Türkmenistanyň Prezidenti myhmany möhüm çäräniň - GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň öňüsyrasynda myhmansöýer türkmen topragynda mübärekläp, mejlisi ýokary derejede guramak üçin ýurdumyzyň GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti bilen bil...

DOWAMY
22 Maý

NORWEGIÝANYŇ WE ŞWESIÝANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇILERI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2024-nji ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Norwegiýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Ilçisi (oturýan ýeri Oslo ş.) Jon Mikal Kwistad we Şwesiýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Ilçisi (oturýan ýeri Stokgolm ş.) Tomas Danestad bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda Ýewropa Bileleşiginiň, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň «Global Gateway» başlangyjynyň çäklerinde Türkmenistan bilen Skandinaw ýurt...

DOWAMY
22 Maý

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE PORTUGALIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ ÝÖRITE WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2024-nji ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Portugaliýanyň Daşary işler ministrliginiň ýörite wekili Pedro Motinýo de Almeýdanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Portugaliýanyň köptaraplaýynlyk ýörelgelerine ygrarlydyklaryny görkezmek bilen, dürli halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýändikleri nygtaldy. Taraplaryň pikirine görä, şeýle h...

DOWAMY
22 Maý

UKRAINANYŇ ÇAGALAR MILLI KITAPHANASYNDA TÜRKMEN ŞAHYRY MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ 300 ÝYLLYGY MYNASYBETLI ÇAPDAN ÇYKAN TÄZE KITABYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

Ýakynda görnükli türkmen şahyrynyň “Magtymguly Pyragy. Ylham” atly goşgular terjimeleriniň doly ýygyndysy neşir edildi. Bu kitap “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary bilen geçýän türkmen nusgawy şahyrynyň 300 ýyllygynyň dabaraly belleniýän ýylynda ajaýyp sowgatlaryň biri boldy. Ynha şu gün, 2024-nji ýylyň 22-nji maýynda Kiýew şäherindäki Çagalar Milli kitaphanasynyň binasynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy bilen Milli kitaphananyň bilelikde guramaklarynda okyjylar üçin bu ede...

DOWAMY