RSS

SOŇKY HABARLAR

21 Maý

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE LATWIÝANYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2024-nji ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Latwiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Daşkent ş.) Reýnis Trokşanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda Türkmenistan bilen Latwiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we mundan beýläk hem ösdürmegiň geljegine garadyl...

DOWAMY
21 Maý

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE GDA-NYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK

2024-nji ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde GDA-nyň çäklerinde geçiriljek ýokary derejeli ýygnaga taýýarlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen türkmen paýtagtyna gelen GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşyk geçirildi. Şeýlelikde, duşuşygyň barşynda taraplar 2024-nji ýylyň 24-nji maýynda Aşgabat şäherinde GDA-nyň agza döwletleriniň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň geçirilmegi bilen baglanyşykly guramaçylyk meselelerine garadylar. Gep...

DOWAMY
20 Maý

AŞGABATDA UKRAIN AKYLDARY WE ŞAHYRY GRIGORIÝ SKOWORODANYŇ HEÝKELI OTURDYLDY

2024-nji ýylyň 17-nji maýynda paýtagtymyzda açylyş dabarasy geçirilen Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň çäginde türkmen şahyry we akyldary Magtymgulynyň ýadygärligi bilen bir hatarda dürli ýurtlaryň meşhur ýazyjy-şahyrlarynyň ýadygärlikleri hem oturdyldy. Bu ýadygärlikler Magtymguly Pyragynyň öz öçmez-ýitmez eserlerinde ündän dost-doganlygy, halklaryň hoşniýetli goňşuçylygyny şöhlelendirýän ýörelgeler esasynda olaryň hormatyna oturdylan....

DOWAMY
18 Maý

MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 300 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN MEDENIÝET MINISTRLERI DEREJESINDÄKI HALKARA MASLAHAT

2024-nji ýylyň 17-18-nji maýy aralygynda Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeniýet ministrleri derejesindäki halkara maslahaty geçirildi. Bu iki günlük foruma abraýly halkara guramalaryň, şol sanda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ), Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG), Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Hytaýyň Halk s...

DOWAMY
17 Maý

YKDYSADY HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ MEDENIÝET INSTITUTYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYK

2024-nji ýylyň 17-nji maýynda Aşgabat şäherinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeniýet ministrleriniň derejesinde halkara maslahatynyň geçirilmeginiň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Medeniýet institutynyň Prezidenti Saad Han bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar sport pudagynda sebitleýin hyzmatdaşlygy, medeni alyş-çalyş maksatnamalaryny utgaşdyrmagy we agza ýurtlaryň habarlar a...

DOWAMY
17 Maý

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE TÜRKMEN-ÝAPON DIM-LERINIŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI

2024-nji ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde iki ýurduň DIM-leriniň arasynda türkmen-ýapon syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, ýapon tarapyna Ýaponiýanyň DIM-niň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, Ýaponiýanyň DIM-niň Ýewropa boýunça býurosynyň baş direktorynyň orunbasary Masaki Ikegami ýolbaşçylyk etdi. Gepleşikleriň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanp...

DOWAMY
17 Maý

ÝUNESKO-NYŇ ALMATY ŞÄHERINDÄKI SEBITLEÝIN EDARASYNYŇ DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK

2024-nji ýylyň 17-nji maýynda Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ÝUNESKO-nyň Almaty şäherindäki sebitleýin edarasynyň direktory Amir Piriçiň arasynda duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasynda taryhy, medeni we tebigy mirasy gorap saklamak, ýaýratmak, bilim, sport we sanlylaşdyrmak ugurlarynda mundan beýläk hem hyzmatdaşlygy ösdü...

DOWAMY