SOŇKY HABARLAR
Balkan elektrik bekedinden Kawkaz ýurtlaryna we Türkiýä elektrik energiýasy iberiler
Awazada geçirilen “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi” (CIET 2025) halkara maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň energetika pudagynyň geljegine degişli möhüm strategik meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň energetika ministriniň orunbasary Serdar Saparow öz çykyşynda ýurduň energetika ulgamyny ösdürmek bilen bagly Hazar deňziniň kenarynda täze utgaşdyrylan elektrik bekediniň gurluşygynyň başlandygyny habar berdi. Hazar deňziň kenarynda gurulýan bu t...
Awazada CIET 2025 halkara maslahaty we sergisi öz işine başlady
“Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklaryny ösdürmek” (CIET 2025) atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady. 3–4-nji noýabr aralygynda geçirilýän forum ýylyň möhüm işewür çäreleriniň biridir. Foruma Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň degişli döwlet we hususy düzümleriniň wekilleri gatnaşýarlar. CIET 2025 halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge, gurluşyk, senagat we energetika ugurlaryna innowasiýalary hem-de maýa goýumlary çekm...
Garabogazköl aýlagynyň üstünde gurlan 354 metrlik köpri ulanmaga berildi
Türkmenistanda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň dabaraly açylyşy boldy. Dabara ýurtda 3-nji noýabrda bellenilýän Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe gabat geldi. Ukrainanyň «Altkom» jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti gurluşyk potratçysy boldy. Köpri halkara hil standartlaryna, tehniki we ulanyş düzgünlerine laýyk gelýär. Köpriniň uzynlygy 354 metr, ini bolsa 21 metr. Iki taraplaýyn platforma 40-50 tonna ýük göterijilikli ulaglary ýerleşdirmek üçin niýe...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «MERKEZI AZIÝA — ABŞ» SAMMITINE GATNAŞAR
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhammedow 6-njy noýabrda Waşingtonda geçiriljek «Merkezi Aziýa — ABŞ» sammitine gatnaşar. Ýakynda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Serdar Berdimuhammedowy bu foruma gatnaşmak üçin çagyrdy. Duşuşykda ABŞ bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.
TÜRKMEN WEKILIÝETI ŽENEWADA BSG WE AÖB FORUMYNA GATNAŞDY
2025-nji ýylyň 22-23-nji oktýabry aralygynda Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) baş edarasynda “Merkezi Aziýa sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk sebiti (MASYH) we köptaraplaýyn söwda ulgamy” atly ýokary derejeli forum geçirildi. Çäre BSG we Aziýa Ösüş Banky (AÖB) tarapyndan guraldy. Türkmen wekiliýetine Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň orunbasary B.Ýalakov ýolbaşçylyk etdi. Ol ýurduň köptaraplaýyn söwda ulgamyna tapgyrlaýyn integrasiýa we sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygyny belle...
TÜRKMENISTAN, HYTAÝ, GYRGYZSTAN, ÖZBEGISTAN, AZERBAÝJAN SYNAG DEMIRÝOL UGRUNY IŞE GIRIZDILER
Gyrgyzstan, Özbegistan, Türkmenistan we Azerbaýjan bilelikde Hytaý – Gyrgyzstan – Özbegistan – Türkmenistan – Azerbaýjan (Baku) ugry boýunça synag demirýol otlusyny işe girizdiler. Bu taslama transport hyzmatdaşlygyny berkitmek we halkara logistika baglanyşyklaryny giňeltmek maksady bilen amala aşyrylýar. Taslama “Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi“ (TULM) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, “O’ztemiryo’lkonteyner” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti we Azerbaýjanyň "Alliance Multimodal" komp...
TÜRKMENISTANDA TÜRKMEN ALABAÝYNYŇ BAÝRAMY BELLENILÝÄR
26.10.2025ý. senede Türkmenistanda Türkmen alabaýynyň milli baýramy bellenilýär. Şu mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we türkmen halkyna baýramçylyk Gutlagy bilen ýüzlendi. Türkmen alabaýynyň hormatyna bellenilýän bu özboluşly baýram Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda aýratyn ähmiýete eýedir. Öý-ojagy, asudalygy goramakda, wepalylykda türkmen alabaýlary tebigy we nusgalyk häsiýetlere...