img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
27 Sen

TÜRKMENISTANDA ÝURDUŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ ŞANLY 35 ÝYLLYGY GIŇDEN BELLENILÝÄR

Türkmenistanda Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk şanly senesi mynasybetli ýurduň ähli künjeklerinde, şol sanda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde giň gerimli baýramçylyk çäreleri geçirilýär. Şeýle dabaraly çäreleriniň hatarynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda 27-nji sentýabrda dabaraly ýöriş guraldy. Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli geçirilen dabaraly ýörişe Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle hem hökümet agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň, harby we hukuk...

DOWAMY
pic
27 Sen

Taryh, miras, häzirki ösüş: Ukrainadaky türkmen ýaşlary Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk dönümine bagyşlanan medeni çäräni geçirdi

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy Ukrainadaky türkmen ýaşlary, talyplary we türkmen diasporasynyň wekilleri bilen bilelikde “Türkmenistan: taryh, miras, häzirki ösüş” atly ýörite medeni onlaýn çäräni geçirdi. Çäräniň esasy maksady häzirki wagtda Watandan uzakda ýaşaýan, emma onuň bilen berk ruhy baglanyşygyny saklap gelýän ýaş watandaşlaryň gözi bilen Türkmenistanyň taryhy, medeniýeti we häzirki durmuşy barada gürrüň bermekden yb...

DOWAMY
pic
24 Sen

TÜRKMENISTANDA TÄZE ONKOLOGIÝA MERKEZLERI WE HASSAHANALAR GURLAR

Türkmenistanda täze onkologiýa merkezlerini we köpugurly hassahanalary gurmak meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň dowamynda eden çykyşynda aýtdy. Türkmenistanyň Prezidenti Mary, Balkan we Lebap welaýatlarynda halkara derejeli onkologiýa merkezlerini, Daşoguz welaýatynda Inçekesel hassahanasyny, Mary şäherinde köpugurly hassahanasyny, şeýle hem Gyzylarbat, Köneürgenç, Kerki we Ýolöten etraplarynda etrabara köpu...

DOWAMY
pic
24 Sen

AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI

23-nji sentýabrda “Maslahat köşgünde” türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Dabaraly ýagdaýda mejlisi açyp, türkmen halkynyň Milli Lideri gatnaşyjylara ýüzlendi. Ýurduň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibine halkyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, şeýle hem ýurduň dur...

DOWAMY
pic
18 Sen

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI IAEA-NYŇ 70-NJI BAŞ KONFERENSIÝASYNA GATNAŞÝAR

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary Azat Owezowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 14–18-nji sentýabry aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (IAEA) Baş konferensiýasynyň 70-nji nobatdaky sessiýasyna gatnaşýar. Milli beýannama bilen çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň wekiliýeti IAEA-nyň 70 ýyllyk ýubileýi bilen gutlady hem-de 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Agentligiň agzalygyna girenine 10...

DOWAMY
pic
18 Sen

AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ YKDYSADY ÜSTÜNLIKLERINE BAGYŞLANAN SERGI GEÇIRILÝÄR

Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli ýurduň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilip, çäräniň dowamynda ýerli kärhanalaryň öndürýän önümleri, täze taslamalar we milli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň ösüşiniň netijeleri görkezilýär. Sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralyp, onda ministrlikleriň, döwlet konsernleriniň, welaýatlaryň, döwlet we hususy pudaklara degişli kärhanalaryň diwarlyklary ýerleşdirilýär, şeýle hem ýurduň ykdys...

DOWAMY
pic
14 Sen

MOLDOWA RESPUBLIKASYNYŇ MEJLISINIŇ AGZASY, TÜRKMENISTAN BILEN PARLAMENTARA DOSTLUK TOPARYNYŇ BAŞLYGY BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYK BARADA

2026-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Moldowa Respublikasynyň Parlamentiniň agzasy, Türkmenistan bilen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Petru Burdužanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Moldowa Respublikasynyň arasynda parlamentara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ony ösdürmegiň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Aýratyn-da, ikitaraplaý...

DOWAMY