SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň DIM-nde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk boýunça brifing geçirildi
2025-nji ýylyň 18-nji iýulynda Türkmenistanyň DIM-nde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk boýunça brifing geçirildi. Brifinge Türkmenistanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň DIM-niň işgärleri gatnaşdylar. Brifingiň dowamynda bu iri çäräniň durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatynda täsirli platforma hökmünde çykyş etjekdigi bellenildi. Türkmenistan...
TÜRKMENISTANYŇ ULAG WE ARAGATNAŞYK PUDAGYNDA TÄZE MINISTRLIKLER WE GULLUKLAR DÖREDILDI
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda ulag we aragatnaşyk toplumynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen, degişli resminamalara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligini, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligini hem-de Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligini döredildi. Şeýle hem “Türkmenhowaýollary” hem-de “Türkmendeňizderýaýollary” agentlikleri degişlilikde “Türk...
“TÜRKMENISTAN” AWIAKOMPANIÝASY AŞGABATDAN SEULA HOWA GATNAWYNY ÝOLA GOÝDY
2025-nji ýylyň 14-nji iýulynda Aşgabat Halkara howa menzilinden Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seula täze açylan ugur boýunça ilkinji göni uçuş amala aşyryldy. Uçuşy ýurduň “Türkmenistan” milli awiakompaniýasy amala aşyrdy. Uzynlygy 5 842 kilometr bolan uçuş takmynan 7 sagat 30 minut dowam etdi. Ilkinji uçuşa 365 ýolagçy gatnaşdy. Aşgabat – Seul – Aşgabat ugry boýunça yzygiderli howa gatnawlary hepdede bir gezek — duşenbe günleri amala aşyrlar. Täze ugur talyplar, iş saparlary hem-de syýa...
TÜRKMENISTAN BILEN RUANDA RESPUBLIKASYNYŇ ARASYNDA DIPLOMATIK GATNAŞYKLAR ÝOLA GOÝULDY
2025-nji ýylyň 14-nji iýulynda Nýu-Ýork şäherinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň edarasynda Türkmenistan bilen Ruanda Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Bilelikdäki Beýanata gol çekişlik dabarasy geçirildi. Gol çekişlik dabarasyndan öň Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa bilen Ruanda Respublikasynyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Martin K Ngoganyň arasynda ikitaraplaýyn we kö...
TÜRKMENISTANDA ÝURT BITARAPLYGYNYŇ 30 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN ÝUBILEÝ MEDALY DÖREDILER
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly ýubileý medalyny döretmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Bu barada ýurduň resmi metbugaty habar berýär. Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gurbanowa türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan berlen tabşyrygy esasynda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Tü...
AWAZADA GEÇIRILJEK HALKARA FORUMYNA 30-DAN GOWRAK DÖWLET BAŞTUTANY GATNAŞAR
Şu ýylyň 4 – 8-nji awgustynda Türkmenistanyň "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty geçiler. Foruma 32 döwletiň hem-de BMG-niň gyzyklanma bildirýän beýleki agza ýurtlarynyň döwlet hem-de hökümet Baştutanlarynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň we onuň orunbasarlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada, şu ýylyň 13-nji iýulynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Ber...
11-NJI IÝULDA BÜTINDÜNÝÄ BEDEW GÜNI BELLENILÝÄR
Şu gün, 11-nji iýulda dünýäde ilkinji gezek BMG-niň Baş Assambleýasynyň Karary bilen döredilen Bütindünýä bedew güni bellenilýär. Gözelligi, görmegeýligi we milli ruhy beýan edýän Ahalteke bedewli Türkmenistan üçin bu baýramyň uly manysynyň bardygyny bellärliklidir. Ajaýyp bedewler bilen köp ýyllaryň dowamynda aýrylmaz baglanyşykly bolan biziň ýurdumyzda milli bedew baýramçylygy döwlet derejesinde giňden bellenilýär, hem-de bu dünýä derejesindäki baýramçylyga aýratyn gadyr bilen goşulýar. Aha...