SOŇKY HABARLAR
DUTAR - TÜRKMEN HALKYNYŇ KALBY: KIÝEWDÄKI MAGTYMGULY ADYNDAKY KITAPHANASYNDA GEÇIRILEN “DUTARYŇ SESI” ATLY MEDENI ÇÄRESI
Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda Ukrainanyň paýtagtynda medeni çäre geçirildi. Has takygy, 18-nji sentýabrda Kiýew şäherindäki Magtymguly adyndaky kitaphanada milli türkmen saz gurallaryna, bagşyçylyk sungatyna we aýdym-saz medeniýetine bagyşlanan “Dutaryň sesi” ady bilen medeni çäre geçirildi. Bu medeni çärä Swýatoşinskiý etrabynyň medeni we bilim edaralarynyň, aýdym-saz mekdepleriniň mugallymlary we okuwçylary, Swýatoşinskiý etrap häkimliginiň we kitaphana ulgamynyň wekilleri...
BMG BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 80-NJI MEJLISINDE TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGI ÝURDUŇ ILERI TUTULÝAN POZISIÝALARYNY YGLAN ETDI
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasyna parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak ugrunda halkara tagallalaryň möhüm tapgyry hökmünde garaýar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edilen beýanatynda aýdylýar. Baş Assambleýanyň öňde boljak sessiýasynyň dowamynda Türkmenistan Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ählumumy we sebit meseleleri boýunça möhüm halkara başlangyçlarynyň iler...
AWAZADA TIF-2025 MAÝA GOÝUM FORUMY ÖZ IŞINE BAŞLADY
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň maýa goýum forumy (TIF 2025) penşenbe güni öz işine başlady. Bu mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylary gutlady. “Awazada geçirilýän bu çäräniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sebitleri senagatlaşdyrmaga we durmuş-ykdysady taýdan has-da ösdürmäge, pudaklara häzirki zaman tehno...
TÜRKMENISTAN “GASTECH 2025”-DE ENERGETIKA MÜMKINÇILIKLERI BILEN TANYŞDYRDY
Türkmenistan Italiýanyň Milan şäherinde 9–12-nji sentýabr aralygynda geçirilen dünýäniň iň iri sergileriniň we maslahatlardan biri bolan “Gastech 2025”-de tebigy gaz ulgamyndaky mümkinçilikleri bilen giňden tanyşdyrdy. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň dünýäde iri gaz gorlaryna eýedigi mowzuklaryň arasynda aýratyn bellenildi we şol sanda ägirt uly “Galkynyş” gaz käniniň ähmiýeti öňe sürüldi. Şeýle hem Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi taslamasynyň durmuşa geçiril...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI DOHADA KATARYŇ EMIRI BILEN DUŞUŞDY
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 15-nji sentýabrda Dohada Katar Döwletiniň Emiri, Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda Raşid Meredow katar tarapyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamlaryny ýetirdi. Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani Katara kyn döwürde bildirilýän goldaw üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdi. Söh...
TÜRKMENISTAN DAŞARY IŞLER MINISTRI DOHADA KATARLY KÄRDEŞI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRDI
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Dohada Katar Döwletiniň Premýer-ministri, Daşary işler ministri Şeýh Mohammed bin Abdulrahman Al Tani bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda Raşid Meredow katar tarapyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamlaryny ýetirdi. Taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselele...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI DOHADA KATARYŇ DÖWLET MINISTRI BILEN DUŞUŞDY
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow ýekşenbe güni Dohada Kataryň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri Mariam bint Ali bin Naser Al-Misnad bilen duşuşdy. Kataryň resmi habar gullugy QNA-nyň habar bermegine görä, gepleşikler Dohada geçirilýän nobatdan daşary Arap-Yslam sammitiniň öňüsyrasynda Daşary işler ministrleriniň taýýarlyk maslahatynyň çäklerinde geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň hem-de Kataryň a...