SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ BAŞ DIPLOMATY LONDONDA BRITAN KÄRDEŞI BILEN GEPLEŞIKLERI GEÇIRDI
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda “Lancaster House” hökümet toplumynda Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşyk we Ösüş işleri boýunça döwlet sekretary Iwette Kuper bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, şol sanda “ýaşyl” tehnologiýalar, sanlylaşdyrma we ulag ulgamy, şeýle hem medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek bellenildi. Gepleşikleriň jem...
MERKEZI AZIÝANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYLARY BRITANIÝANYŇ DÖWLET GORANMAK MINISTRI BILEN DUŞUŞDYLAR
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Beýik Britaniýanyň goranmak boýunça döwlet ministri Lord Rodni Kouker bilen geçirilen duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar sebit howpsuzlygy, özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagy, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky dialogyň ösdürilmegi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Aýratyn...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI LONDONDA ŞAZADA EDWARD BILEN DUŞUŞDY
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda Londonda Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrliginiň “Lancaster House” hökümet toplumynda Şazada Edward bilen duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-britan gatnaşyklaryny mundan beýläk hem pugtalandyrmagyň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar hem-de, medeniýet we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösýändigini bellediler. Şol gün Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrl...
YKDYSADY HYZMATDAŞLYGY BERKITMEK BABATYNDA TÜRKMENISTANYŇ BAŞLANGYJYNYŇ GOLDANYLMAGY
2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda Tähranda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Hemişelik wekilleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. YHG-nyň ýurtlarynyň arasyndaky söwda dolanşygyny artdyrmak maksady bilen, serhetýaka we sebitleýin söwda mümkinçiliklerini işjeň ulanmak möhüm bolup durýar. Munuň üçin amatly serhetüsti gurşawy döretmek, ylalaşylan artykmaçlyklar we ileri tutulýan ugurlar ulgamy bolan sebitleýin hyzmatdaşlygy höweslendirmek zerurdyr. Mejlisde Türkmenistanyň Hormatly Prez...
HALKARA ENE DILI GÜNI: DÄP-DESSURLARYŇ WE MEDENI DÜRLÜLIGIŇ GYMMATY
21-nji fewralda halkara jemgyýetçiligi dil we medeni dürlüligiň gymmatyny, şeýle hem halkyň özboluşlylygynyň aýrylmaz bölegi hökmünde ene dillerini saklamagyň möhümdigini nygtamaklyga gönükdirilen Halkara ene dili günini belleýär. Türkmen halky üçin ene dili nesiller arasyndaky janly baglanyşyk, milli hakydanyň, ruhy gymmatlyklaryň, hem-de baý taryhy we medeni mirasyň goragçysydyr. Onuň kökleri asyrlaryň dowamyna uzap, türkmen halkynyň köp asyrlyk taryhyny, däp-dessurlaryny we dünýägaraýşyny...
TÜRKMEN WEKILIÝETI LONDONDA GEÇIRILEN FORUMLARDA MAÝADARLARY ENERGETIKA TASLAMALARY BILEN TANYŞDYRDY
“Turkmen Energy Forum” (TEF) kompaniýasynyň wekilleri 2026-njy ýylyň 9–12-nji fewral aralygynda Beýik Britaniýanyň London şäherinde geçirilen “International Energy Week” we “London Energy Forum” çäreleriniň çäklerinde halkara kompaniýalary we maýadarlary Türkmenistanyň energetika taslamalary bilen tanyşdyrdy. Gatnaşyjylara “Galkynyş” gaz känini ösdürmek, Hazar deňziniň türkmen bölegindäki taslamalary, gazy gaýtadan işlemek, nebiti gaýtadan işleýän zawodlary döwrebaplaşdyrmak hem-de ugurdaş ga...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-INDE 2028-NJI ÝYLDA HALKARA HUKUGYNYŇ ÝYLYNY GEÇIRMÄGE TAÝÝARLYK GÖRMEK BOÝUNÇA ILKINJI MASLAHAT GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 2028-nji ýylda Halkara hukugynyň ýylyny geçirmäge taýýarlyk görmek we ony geçirmek boýunça 2026-njy ýyl üçin çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmek boýunça ilkinji maslahat geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hödürlenen Meýilnama boýunça umumy maglumat berildi. Resminama guramaçylyk-usuly, ylmy-amaly, bilim, halkara hem-de maglumat-aragatnaşyk çäreleriniň toplumy...