RSS

SOŇKY HABARLAR

6 Sen

TÜRKMENISTAN HALKARA AWTOMOBIL ULAGLARY BILELEŞIGI BILEN ÖZARA GATNAŞYKLARA YGRARLYDYR

2024-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Halkara awtomobil ulaglary bileleşiginiň (IRU) Baş sekretary Umberto de Prettonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen IRU-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini bellediler, şeýle-de multimodal ulag-üstaşyr geçelgelerini we halkara logistika merkezlerini ösdürmek, şol sanda ulag ulgamyny sanlaşdyrmak arkaly ýurtlaryň arasyndaky özara baglanyşygy gowul...

DOWAMY
5 Sen

ARKADAG AKYLLY ŞÄHERINIŇ ÖZBOLUŞLYLYGY KOREÝA RESPUBLIKASYNDA GEÇIRILEN BÜTINDÜNÝÄ SERGISINDE BAÝRAKLAR BILEN BELLENILDI

2024-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda Arkadag şäheri Koreýa Respublikasynyň Koýan şäherinde geçirilen akylly şäherleriň «World Smart City Expo 2024» sergisinde üç sany baýrak bilen sylaglandy. Dürli ugurlarda tapawutlanan ýerli we daşary ýurt şäherleri, şeýle hem kompaniýalary ýokary sylaglara eýe boldular. Arkadag akylly şäheriniň çärede ilkinji sylaglanan gatnaşyjy bolandygy bellärliklidir. Türkmen tarapyna aşakdaky baýraklar: Diňe Arkadag şäherine gowşurylan «akylly şäher» ulgamyndaky belen...

DOWAMY
4 Sen

BMG-NIŇ OHCHR-NIŇ MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA SEBITLEÝIN WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2024-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Matilda Bogner bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň OHCHR bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem ösdürmek boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda demokratik institutlary mundan beýläk hem kämilleşdirmek hem-de adam hukuklary babatynda borçnamalary netijeli ýerin...

DOWAMY
4 Sen

STOKGOLMDA TÜRKMEN-ŞWED HYZMATDAŞLYGY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2024-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Stokgolmda türkmen-şwed syýasy geňeşlemeleri geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, şwed tarapyna – Şwesiýa Patyşalygynyň Daşary işler ministrliginiň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça departamentiniň başlygy Tobias Tiberg ýolbaşçylyk etdi. Daşary işler ministrlikleriň arasyndaky geňeşmeleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we olary ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara...

DOWAMY
4 Sen

TÜRKMENISTANYŇ ÝAŞLARY HOWA BOÝUNÇA BAŞLANGYÇLARYNYŇ ÖŇ HATARYNDA

2024-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Ýaşlar maslahatynyň (COY19) we BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň (COP 29) 29-njy maslahatynyň öňüsyrasynda Daşoguzdaky Türkmen oba hojalyk institutynda howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça Ýaşlar maslahaty geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy, Azerbaýjan Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçihanalary bilen bilelikde gur...

DOWAMY
3 Sen

TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI «ÇALYK HOLDING» KOMPANIÝALAR TOPARYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞDY

2024-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy. Wagt tapyp kabul edendigi üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, işewür türkmen halkynyň Milli Liderini Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany...

DOWAMY
3 Sen

TÜRKMENISTAN «RÖNESANS HOLDING» TÜRK KOMPANIÝASY BILEN HYZMATDAŞLYGY DOWAM ETDIRÝÄR

2024-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşygy geçirildi. Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze binalar toplumynyň gurluşygynyň «Rönesans Holdinge» ynanylmagynyň bu kompaniýa üçin uly mertebedigini belledi. Bu toplumyň açylyş...

DOWAMY