SOŇKY HABARLAR
HALKARA YLMY-TEHNOLOGIÝA PARKYNDA «SANLY YLYM» ÝUNESKO KAFEDRASY AÇYLDY
15.04.2026 y. Ylymlar Akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «Sanly ylym» ÝUNESKO kafedrasynyň açylyş dabarasy we maslahat geçirildi. Oňa ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň hem-de Ylymlar akademiýasynyň we ylmy-barlag institutlarynyň, Türkmenistanda hereket edýän ÝUNESKO kafedralarynyň we klublarynyň ýolbaşçylary, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri gatnaşdylar. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «Sanly ylym» ÝUNESKO...
2027–2030: TÜRKMENISTAN BMG-NIŇ YLYM WE TEHNOLOGIÝA BOÝUNÇA KOMISSIÝASYNA SAÝLANDY
Türkmenistan 2027–2030-njy ýyllar aralygyndaky döwür üçin BMG-niň Ylym we tehnologiýa boýunça ösüş komissiýasyna biragyzdan saýlandy. Degişli çözgüt 8-nji aprelde Nýu-Ýork şäherindäki BMG-niň ştab-kwartirasynda geçirilen BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşiniň kömekçi edaralarynyň saýlawlarynyň dowamynda kabul edildi. Türkmenistan komissiýanyň düzümindäki işine 2027-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlar, ygtyýarlyk möhleti bolsa 2030-njy ýylyň 31-nji dekabryna çenli dowam eder. Bu barada Türkmenist...
AŞGABATDA “TURKMENTRAVEL – 2026” HALKARA SYÝAHATÇYLYK SERGISI WE MASLAHATY AÇYLDY
Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýerleşýän ýurduň Söwda-senagat edarasynda sişenbe güni “Turkmentravel – 2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty öz işine başlady. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Turkmentravel – 2026” atly halkara syýahatçylyk sergisiniň we maslahatynyň öz işine başlamagy bilen oňa gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlady we bu halkara forumyň syýahatçylyk pudagynda möhüm ähmiýetli waka öwrüljekdigine berk ynanýandygyny aýtdy. “Syýahatçylyk...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOW AŞGABAT – TÜRKMENABAT AWTOBANYNYŇ MARY – TÜRKMENABAT BÖLEGINIŇ AÇYLYŞYNA GATNAŞDY
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary – Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi. Awtomobil ýolunyň umumy uzynlygy 600 kilometre, ýoluň gatnaw böleginiň giňligi bolsa 34,5 metre deň bolup, hereket her ugur boýunça üç sany zolak arkaly gurnalandyr. Ýoluň ugrunda ýolagçylardyr sürüjiler üçin naharhanalar, awtoýangyç guýujy bekletleri, awtoduralgalar w...
GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW WENA FORUMYNDA ENERGETIKA, HOWA BOÝUNÇA BAŞLANGYÇLARY ÖŇE SÜRDI
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Energetika we howa boýunça halkara Wena forumynda çykyş edip, energetika hyzmatdaşlygyny durnuklylaşdyrmaga, oýlanyşykly we öňdengörüjilikli dialoga geçmäge gönükdirilen birnäçe anyk çäreleri teklip etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi. Teklipleriň hatarynda — Ählumumy energetika howpsuzlygy strategiýasyny işläp taýýarlamak, BMG-niň howandarlygynda “Energetika kod...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝOLÖTEN ETRABYNDA DÖWREBAP ŞÄHERÇÄNIŇ DÜÝBÜNI TUTMAK DABARASYNA GATNAŞDY
08.04.2026 y. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde 4 müň 500 hojalyga niýetlenilen täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyndaky çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti bu şatlykly waka mynasybetli oňa gatnaşyjylary gutlap, ýurtda adam hakdaky aladanyň döwlet syýasatynyň baş maksady bolup durýandygyny aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutany ýakyn günlerde bu kü...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI KÖPÇÜLIKLEÝIN WELOSIPEDLI ÝÖRIŞE GATNAŞDY
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä saglyk güni mynasybetli sişenbe güni geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy. Köpçülikleýin welosipedli ýörişe Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, daşary döwletleriň we halkara guramalary...