img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
14 Few

TÜRKMENISTANY 2026-NJY ÝYLDA DURMUŞ-YKDYSADY TAÝDAN ÖSDÜRMEGIŇ WE MAÝA GOÝUM MAKSATNAMASY TASSYKLANYLDY

?Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurduň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmek we sebitleriň depginli ösmegini gazanmak...

DOWAMY
pic
14 Few

TÜRKMENISTANDA BILIM WE ULAG-ARAGATNAŞYK ULGAMLARY BOÝUNÇA TÄZE WISE-PREMÝERLER BELLENILDI

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda ýurduň ulag-aragatnaşyk toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeri, şeýle hem ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar syýasaty we jemgyýetçilik ulgamlaryna jogapkär wise-premýeri täzeledi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag-aragatnaşyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary wezipesine Batyr Annaýew bellenilip, Mämmethan Çakyýew bu wezipeden boşadyldy. Mejlisi...

DOWAMY
pic
14 Few

TÜRKMENISTANDA AWTOMOBIL ÝOLLARY MINISTRLIGI DÖREDILDI

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Awtomobil ýollarynyň gurluşgyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligini, Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligine öwürmek barada Permana gol çekýändigini aýtdy. Bu Perman Türkmenistanyň awtomabil ýollaryny döwrebaplaşdyrmak, ýol ulag ulgamynyň işini hasda kämilleşdirmek maksady bilen kabul edildi. Türkmenistanyň döwlet Baştutany ýurduň Awtomobil ýollary ministri wezipesine...

DOWAMY
pic
14 Few

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “TÜRKMENHIMIÝA” DÖWLET KONSERNIŇ TÄZE BAŞLYGYNY WEZIPÄ BELLEDI

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde “Türkmenhimiýa” döwlet konserniň başlygy wezipesine Resul Myradowy belledi. Türkmenistanyň “Watan habarlary” gepleşiginiň habar bermegine görä, Resul Myradow täze wezipä bellenilip, senagat we gurluşyk önümçiligi ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy. “Türkmenhimiýa” döwlet konserniň täze bellenilen başlygy jogapkärçilikli wezipäniň özüne ynanylandygy üçin Türkmenistanyň...

DOWAMY
pic
12 Few

TÜRKMENISTAN: “MERKEZI AZIÝA – GERMANIÝA” FORMATYNDA ÖNÜMÇILIKLERI DÖRETMEGIŇ GELJEGI ULUDYR

Türkmenistan “Merkezi Aziýa – Germaniýa” formatynda sebit ýurtlarynyň çäginde bilelikdäki önümçilikleri, hyzmat we bilim merkezlerini döretmegiň geljeginiň uludygyny belledi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow 2026-njy ýylyň 11-nji fewralynda Berlinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň daşary işler ministri Ýohann Wadeful bilen geçirilen duşuşygynyň dowamynda aýtdy. Türkmenistany...

DOWAMY
pic
12 Few

TÜRKMENISTAN WE GERMANIÝA ULAG-ENERGETIKA ULGAMLARYNDA HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEGI MASLAHATLAŞDYLAR

Türkmenistan we Germaniýa ulag, energetika, “ýaşyl” özgertmeler, bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler. Bu barada çarşenbe güni Berlinde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren bilelikdäki duşuşygynyň dowamynda aýdyldy. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow wekilçilik...

DOWAMY
pic
12 Few

«ARKADAG» – «AL-NASSR» DUŞUŞYGY 0-1 HASABYNDA TAMAMLANDY

11.02.2026 ý. Aşgabatdaky Olimpiýa stadionynda AFK-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň çäklerinde Türkmenistanyň «Arkadag» hem-de Saud Arabystany Patyşalygynyň «Al-Nassr» toparlarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyk ilkinji minutlardan başlap çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Iki toparyň oýunçylaram meýdançada ussatlyklaryny görkezdiler. Duşuşygyň birinji ýarymynyň 19-njy minutynda Saud Arabystany Patyşlygynyň «Al-Nassr» futbol toparynyň oýunçylary hasaby açmagy başardylar. Oýnuň birinji ý...

DOWAMY