RSS

SOŇKY HABARLAR

15 Iýun

FRANSIÝANYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

2023-nji ýylyň 15-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Filipp Merlen bilen duşuşdy we ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. R.Meredow Ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, türkmen tarapynyň onuň diplomatik işiniň amala aşyrylmagynda goldaw we ýardam bermäge taýýardygyny belledi. Mundan başga-da, taraplar döwletara hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny öz içine alýan türkmen-fransuz gatnaşykla...

DOWAMY
15 Iýun

TÜRKMEN-TÄJIK HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Şu gün, 2023-nji ýylyň 15-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Farruh Homiddin Şerifzoda bilen duşuşdy. Duşuşygyň başynda ministr türkmen-täjik gatnaşyklarynyň ösmegine goşan goşandy üçin Ilçä hoşallyk bildirdi. Mundan başga-da, taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer gatnaşyklaryň giňişleýin ugurlary boýunça Türkmeni...

DOWAMY
13 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ÝUNESKO BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALYP MASLAHATLAŞDY

2023-nji ýylyň 13-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ÝUNESKO-nyň Tährandaky Klaster edarasynyň direktory, ÝUNESKO-nyň Türkmenistandaky we Eýrandaky wekili Golda El Huri bilen duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň möhüm meseleleri barada, şeýle hem geljekki hyzmatdaşlygyň gün tertibiniň anyk ugurlary boýunça netijeli pikir alyşdylar. Hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi nukdaýnazaryndan, bilim, y...

DOWAMY
12 Iýun

ÝUNESKO-NYŇ IŞLERI BARADA TÜRKMENISTANYŇ MILLI TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI

Şu gün, 2023-nji ýylyň 12-nji iýunynda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary, ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Duşuşyga ÝUNESKO-nyň Tährandaky Klaster edarasynyň direktory Golda El Huri we BMG-niň Tü...

DOWAMY
10 Iýun

TÜRKMEN-WENGER GATNAŞYKLARYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ÝOKARY DEREJEDE ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 9-njy iýunda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň arasynda gepleşikler geçirildi. Döwlet Baştutanymyz ikiçäk gepleşikleriň dowamynda Wengriýanyň Hökümetiniň Baştutanynyň ýurdumyza ilkinji saparynyň netijeli geçjekdigine hem-de özara gyzyklanma bildirilýän giň ugurlar boýunça köptaraply döwletara gatnaşyklary ösdürmäge möhüm goşant boljakdygyna ynam bildirdi. Türkmenistanyň Prezidenti döwletara gatnaşyklary...

DOWAMY
9 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ WENGRIÝANYŇ PREMÝER-MINISTRI BILEN DUŞUŞYGY

2023-nji ýylyň 8-nji iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Wengriýanyň Hökümetiniň Baştutany bilen duşuşdy. Gahryman Arkadagymyz özüniň 2014-nji ýylyň iýunynda Wengriýa amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi. Şol saparyň barşynda türkmen-wenger hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän Bilelikdäki Beýannama kabul edildi. Ýokary derejedäki gatnaşyklary mundan beýläk-de dowam etdirmek möhümdir,...

DOWAMY
8 Iýun

WENGRIÝANYŇ PREMÝER-MINISTRINIŇ TÜRKMENISTANA RESMI SAPARY BAŞLANDY

2023-nji ýylyň 8-nji iýunynda Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban iki günlük resmi sapary bilen Aşgabada geldi. Şu gün agşam wenger hökümetiniň baştutanynyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygy geçiriler. Ertir, 9-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orbanyň arasynda gepleşikler meýilleşdirilýär. Türkmen-wenger ýokary derejeli gepleşikleriň netijeleri boýunça iki doganlyk dö...

DOWAMY