SOŇKY HABARLAR
UKRAINANYŇ ÇAGALAR MILLI KITAPHANASYNDA “TÜRKMEN HALKYNYŇ MEDENI GYMMATLYKLARY” ADY BILEN GEÇIRILEN SERGI
2024-nji ýylyň 23-30-njy maýy aralygynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy we “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli Ukrainanyň Çagalar Milli kitaphanasynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy bilen bilelikde guralan “Türkmen halkynyň medeni gymmatlyklary” atly suratlaryň, kitaplaryň we milli egin-eşikleriň sergisi geçirildi. Bir hepde dowam eden sergide dürli ýaşdaky okyjylar we kitaphanalara gelýänler Türkmenistanyň taryhy,...
TÜRKMENISTANYŇ UKRAINADAKY ILÇISINIŇ UKRAINANYŇ DÖWLET SÖWDA-YKDYSADY UNIWERSITETINIŇ ÝOLBAŞÇY DÜZÜMI BILEN GEÇIRLEN DUŞUŞYGY
2024-nji ýylyň 29-njy maýynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynyň diplomatlary Ukrainanyň Döwlet söwda-ykdysady uniwersitetinde bu ýokary okuw jaýynyň rektorynyň çakylygy esasynda baryp gördüler. Bu ýokary okuw jaýy söwda, ykdysadyýet, dolandyryş, restoran, myhmanhana we syýahatçylyk biznesi, maglumat tehnologiýasy we beýleki pudaklar üçin hünärmenleri taýýarlaýar. Türkmenistanyň Ilçisi Toýly Ataýewiň uniwersitetiň ýolbaşçy düzümi bilen, şeýle hem Halkara Söwda palatasynyň Ukraina mil...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI «MERKEZI AZIÝA – ITALIÝA» FORMATYNDAKY MINISTRLER KONFERENSIÝASYNA GATNAŞDY
2024-nji ýylyň 29-njy maýynda Rim şäherinde «Merkezi Aziýa – Italiýa» formatyndaky ministrler konferensiýasy geçirildi. Çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Italiýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk etdi. Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, hususan-da sebitleýin hem-de ählumumy durnuklylygy saklamak we...
BMG-NIŇ OHCHR-NIŇ MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA SEBITLEÝIN WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Matilda Bogner bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň OHCHR bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Demokratik institutlarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek hem-de adam hukuklary babatynda b...
TÜRKMEN-GAZAK GATNAŞYKLARYNY ÖSDÜRMEK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2024-nji ýylyň 27-nji maýynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Astana şäherinde saparda bolýan Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi. Söhbetdeşligiň başynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Gazagystanyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamlaryny we iň oňat arzuwlaryny ýetirdi. Bellenilşi...
TÜRKMENISTANYŇ WE GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 27-nji maýynda Astanada Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, gazak tarapyna – Premýer-ministriň orunbasary, Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Murat Nurtleu ýolbaşçylyk etdi. Geňeşmeleriň gün tertibi örän baý boldy. Taraplar türkmen-gazak gatnaşyklarynyň depginli ösüş bile...
GARAŞSYZ DÖWLETLERIŇ ARKALAŞYGYNYŇ HÖKÜMET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISI
2024-nji ýylyň 24-nji maýynda paýtagtymyzyň «Garagum» myhmanhanasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradow ýolbaşçylyk etdi. Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň Prezidentiniň mähirli salamyny we mejlisiň işiniň üstünlikli geçmegi baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Ýygnananlara Arkalaşygyň çäklerinde özara gatna...