img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
8 Okt

Türkmenistan, Azerbaýjan we Merkezi Aziýa ýurtlary Awazada geçirilen duşuşygyň netijeleri boýunça bilelikdäki beýannama gol çekdiler

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sekizinji Konsultatiw duşuşygynyň mejlisiniň jemleýji resminamalaryna gol çekmek dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew «Merkezi Aziýa döw...

DOWAMY
pic
6 Okt

Türkmenistanda Hatyra güni bellenilýär

Şu gün — 6-njy oktýabrda Türkmenistanda Hatyra güni bellenilýär. Bu günde türkmenistanlylar söweş meýdanlarynda wepat bolan Watan goragçylaryny hem-de pajygaly tebigy hadysanyň — 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny hatyralaýarlar. Munuň özi halkyň ruhy durmuşynda örän uly ähmiýete eýedir. Aşgabat ýertitremesi adamzat taryhyna XX asyryň iň weýrançylykly hadysalarynyň biri hökmünde girdi. Bu elhenç heläkçilik oktýabr aýynyň 5-inden 6-syna geçilýän gijede şäheri duýdansyz gaplap al...

DOWAMY
pic
5 Okt

Türkmenistan bilen Moldowa Respublikasy diplomatik gatnaşyklaryň 34 ýyllygyny belleýärler

5-nji oktýabrda Türkmenistan bilen Moldowa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 34 ýyllygy bellenilýär. Üç onýyllykdan gowrak wagtyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar dostluk, özara hormat goýmak, ynanyşmak we konstruktiw hyzmatdaşlyk ruhunda yzygiderli möhüm ösüş ýoluny geçdi. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Moldowa Respublikasy durnukly syýasy dialogy alyp barýarlar, halkara giňişliginde özara gatnaşyk edýärler hem-de söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we...

DOWAMY
pic
5 Okt

Aziada – 2026 oýunlarynyň jemleri: Türkmenistanyň ýygyndy topary çykyşlaryny iki sany kümüş medal bilen tamamlady

Ýaponianyň Nagoýa şäherinde XX tomusky Aziýa oýunlary tamamlandy. Bu oýunlarda Türkmenistanyň ýygyndy topary iki sany kümüş medal gazanyp, umumy medallar hasabynda 31-nji orny eýeledi. Ýatladyp geçsek, karateçi Dawut Nazmyradow 75 kg çenli agram derejesinde finalda eýranly Morteza Nematä ýeňilip (3:4), kümüş medala eýe boldy. Agyr atletikaçy Şahzadbek Matýakubow bolsa 110 kg çenli agramda iki görnüşiň jemlemesi boýunça 410 kg (siltäp götermekde 188 kg we itekläp götermekde 222 kg) netije görk...

DOWAMY
pic
1 Okt

Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda Hazar deňziniň üsti bilen täze ulag geçelgesini döretmegi teklip etdi

Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda Günorta we Merkezi Aziýany Hazar deňziniň üsti bilen Ýewropa bilen birleşdirýän sebitara ulag geçelgesini döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Nýu-Ýorkdaky Hemişelik wekili Wepa Hajiýew BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň umumy çekişmelerinde eden çykyşynda mälim etdi. Şeýle hem Türkmenistanyň çäginde BMG-niň howandarlygynda Durnukly söwda logistika we gümrük hyzmatdaşlygy bo...

DOWAMY
pic
1 Okt

Türkmenistan BMG-a EA-ny parahatçylykly ulanmak boýunça kodeksi taýýarlamagy teklip etdi

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) howandarlygynda halkara gatnaşyklarda we diplomatiýada emeli aňy parahatçylykly ulanmak boýunça halkara kodeksini işläp düzmegi teklip etdi. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajyýewiň Baş Assambleýanyň 81-nji sessiýasynyň umumy syýasy pikir alyşmalarynda eden çykyşyna salgylanyp, BMG habar berýär. Wepa Hajyýewiň sözlerine görä, emeli aň giň mümkinçilikleri açyp, şol bir wagtyň özünde halkara derejesinde jogapkär...

DOWAMY
pic
1 Okt

Türkmenistanyň maýa goýum forumy Aşgabatda öz işine başlady

Türkmenistanyň maýa goýum forumy (TIF 2026) 1-nji oktýabrda Aşgabatdaky "Ýyldyz" myhmanhanasynda öz işine başlady. Iki gün dowam etjek forum 40-dan gowrak ýurtdan 200-den gowrak iri daşary ýurt kompaniýasynyň, halkara maliýe institutlarynyň we döwlet edaralarynyň wekillerini bir ýere jemleýär. Foruma “Mitsubishi Corporation”, “Mitsubishi Heavy Industries”, “ITOCHU”, “Sumitomo Corporation”, “Kawasaki Heavy Industries”, “Samsung C&T”, “Daewoo Engineering”, “John Deere”, “CLAAS”, “Siemens Energy...

DOWAMY