img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
25 Maý

TÜRKMENISTANDA “AK ŞÄHERIM AŞGABAT 2026” HALKARA SERGISI WE MASLAHATY AÇYLDY

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýekşenbe güni “Ak şäherim Aşgabat 2026” (WCA 2026) atly XXV köpugurly halkara sergisi we maslahaty açyldy. Sergä türkmen we daşary ýurt kompaniýalarynyň we kärhanalarynyň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşýarlar.  Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Ak şäherim Aşgabat 2026” (WCA 2026) atly XXV köpugurly ha...

DOWAMY
pic
21 Maý

“AK ŞÄHERIM AŞGABAT 2026” MASLAHATY DÜNÝÄNIŇ 55 ÝURDUNDAN WEKILI JEMLÄR

24-25-nji maý aralygynda Aşgabat şäherinde durnukly, inkluziw we akylly şäherler boýunça BMG-niň ýokary derejeli tegelek stoluny öz içine alýan “Ak şäherim Aşgabat 2026” (WCA 2026) atly maslahaty geçirilýär. Maslahata 55 ýurtdan 650-den gowrak wekiliň, hem-de halkara guramalarynyň wekilleriniň, maýadarlaryň, arhitektorlaryň, inženerleriň we şäher gurluşygy boýunça hünärmenleriň gatnaşmagy garaşylýar. Maslahatda şäher gurluşygy we durnukly şäherleşme ulgamynda işleýän hünärmenler gatnaşyp, aky...

DOWAMY
pic
18 Maý

TÜRKMENISTANDA KONSTITUSIÝA WE DÖWLET BAÝDAGYNYŇ GÜNI BELLENILÝÄR

18-nji maýda Türkmenistanda iň möhüm milli baýramçylyklaryň biri bolan Konstitusiýa we Döwlet baýdagynyň güni bellenilýär. Bu baýramçylyk döwlet gurluşyň, özygtyýarlylygyň we türkmen halkynyň agzybirliginiň arasyndaky aýrylmaz baglanyşygy alamatlandyrýar. 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasy Garaşsyz, Bitarap döwletiň berk hukuk binýadyna öwrülip, demokratiýa, parahatçylyk, adalat we adam hukuklaryna hormat goýmak ýörelgelerini berkitdi. 1992-nji ýylda tass...

DOWAMY
pic
13 Maý

AŞGABATDA “AGRO PACK TURKMENISTAN — 2026” ATLY HALKARA SERGI GEÇIRILÝÄR

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýerleşýän ýurduň Söwda-senagat edarasynda “Agro Pack Turkmenistan — 2026” atly halkara sergisi geçirilýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Agro Pack Turkmenistan — 2026” atly halkara serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlady. Türkmenistanyň Prezidenti bu halkara serginiň oba hojalygynda, azyk senagatynda we gaýtadan işleýän pudaklarda öňdebaryjy ylmy başlangyçlar, senagat işläp taýýarlamalary, täzeçil usullar babatda net...

DOWAMY
pic
11 Maý

AWAZADA MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ WE AZERBAÝJANYŇ PREZIDENTLERINIŇ KONSULTATIW DUŞUŞYGY GEÇIRILER

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň geçiriljekdigini aýtdy. Raşid Meredow 9-njy oktýabrda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň geçirilmeginiň meýilleşd...

DOWAMY
pic
11 Maý

“TÜRKMENBAŞY-GARABOGAZ-GAZAGYSTAN SERHEDI” AWTOMOBIL ÝOLUNYŇ GURLUŞYGY ÝOKARY DEPGINDE ALNYP BARYLÝAR

“Türkmenbaşy-Garabogaz-Gazagystan serhedi” awtomobil ýolunyň “Türkmenbaşy-Garabogaz” böleginde umumy uzynlygy 207 kilometr bolan, şeýle-de “Garabogaz-Gazagystan serhedi” böleginde umumy uzynlygy 43,6 kilometr bolan täze, döwrebap awtomobil ýolunyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar. Häzirki wagtda gurluşyk işleri Türkmenistanyň awtomobil ýollary ministrliginiň buýrmasy esasynda “Altyn Nesil” hojalyk jemgyýeti tarapyndan ýerine ýetirilýär. Kärhananyň hünärmenleri ýoluň “Türkmenbaşy-Garab...

DOWAMY
pic
11 Maý

AHALTEKE ATLARYNYŇ GÖZELLIK BÄSLEŞIGINDE TÜRKMEN BEDEWI DÜNÝÄ ÇEMPIONY BOLDY

Özbegistan Respublikasynda «Gündogaryň merjeni» atly bäsleşigiň çäklerinde ahalteke atlarynyň gözellik boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Oňa Türkmenistandan, Özbegistandan, Täjigistandan, Gyrgyzystandan, Gazagystandan we beýleki ýurtlardan ahalteke atlary gatnaşdylar. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, halkara gözellik bäsleşigi iki, üç, dört, bäş, alty ýaşar we şondan uly atlaryň, gysraklaryň, şeýle hem bir ýaşar taýlaryň arasynda aýratynlykda geçirildi. Soňra syn ediş meýda...

DOWAMY