Tapylan netije sany: 8961
UKRAINANYŇ ÇAGALAR MILLI KITAPHANASYNDA “TÜRKMEN HALKYNYŇ MEDENI GYMMATLYKLARY” ADY BILEN GEÇIRILEN SERGI
2024-nji ýylyň 23-30-njy maýy aralygynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy we “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli Ukrainanyň Çagalar Milli kitaphanasynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy bilen bilelikde guralan “Türkmen halkynyň medeni gymmatlyklary” atly suratlaryň, kitaplaryň we milli egin-eşikleriň sergisi geçirildi.
Bir hepde dowam eden sergide dürli ýaşdaky okyjylar we kitaphanalara gelýänler Türkmenistanyň taryhy,...
BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI MYNASYBETLI KIÝEWDE TALYPLAR BILEN GEÇIRILEN WELOSIPED ÝÖRIŞI BARADA
03.06.2024 ý. senede Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde belleýän Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Kiýewde welosiped ýörişi geçirildi.
Däp bolşy ýaly, Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy, Ukrainanyň “Daşary ýurt wekilhanalaryna hyzmat edýän Baş müdirlik” döwlet kärhanasynyň goldawy bilen, ekologiýa dynç alyş ýerleri bilen meşhur bolan Ukrainanyň paýtagtydaky Truhanow adasynyň çäginde türkmen talyp ýaşlaryny ýygnady.
Talyplar we diplomatlar adanyň dürli landşaftlarynd...
ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNÜNE BAGYŞLANAN MASLAHAT GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan maslahat geçirildi.
Baýramçylyk çäresi Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan sergä aýlanyp görmek, şeýle hem dabara gatnaşýan çagalaryň çykyşlaryna tomaşa etmek bilen başlandy.
Maslahatyň dowamynda Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Beata...
TÜRKMENISTAN BILEN ŞRI-LANKANYŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 30-njy maýynda Türkmenistanyň we Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň gurluş düzümleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda wideo aragatnaşyk arkaly geňeşmeler geçirildi.
Geňeşmeleriň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady, maýa goýum, medeni-ynsanperwer, oba hojalyk çygyrlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem mundan beýläkki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary...
GÖRNÜKLI ŞAHYR WE AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ 300 ÝYLLYGYNYŇ BELLENILIŞI BARADAKY MAKALA UKRAINANYŇ MEŞHUR ŽURNALYNYŇ SAHYPALARYNDA
2024-nji ýylyň maý aýynyň ahyrynda Ukrainanyň meşhur “Kyiv Diplomatic” žurnalynyň nobatdaky sanynda Türkmenistanyň milli şahyry, dünýä edebiýatynyň görnükli wekili, türkmen nusgawy edebiýatyny we edebi dilini esaslandyryjy Magtymguly Pyragynyň ýubileýine bagyşlanan “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy: görnükli türkmen şahyrynyň we akyldarynyň 300 ýyl dönümi” ady bilen giň göwrümli makala çap edildi. Makala Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy tarapyndan taýýarlanyldy.
“Kyiv Diplomatic” žu...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI KÖPÇÜLIKLEÝIN WELOSIPEDLI ÝÖRIŞE GATNAŞDY
2024-nji ýylyň 3-nji iýunynda asylly däbe görä, Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni bellenildi. Birleşen Milletler Guramasynyň senenamasynda mynasyp orun eýeleýän bu halkara baýram mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.
Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda...
TÜRKMEN-KATAR SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 3-nji iýunynda Doha şäherinde Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, Kataryň wekiliýetine Kataryň Daşary işler boýunça döwlet ministri Soltan bin Saad Al-Muraihi ýolbaşçylyk etdi.
Geňeşmeleriň dowamynda Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasyndaky syýasy-diplomatik we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pi...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE YRAK RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 7-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Yrak Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mohammet Bahr Al-Ulumyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň ösüşi barada pikir alyşdylar.
Şu nukdaýnazardan şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň, energetika we ulag pudaklarynda geljegi uly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň, şeýle hem ylym-b...
AZIÝA ÖSÜŞ BANKYNYŇ MERKEZI WE GÜNBATAR AZIÝA BOÝUNÇA BÖLÜMINIŇ BAŞ DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 6-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Aziýa Ösüş Bankynyň Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça bölüminiň Baş direktory Ýewgeniý Žukow bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Aziýanyň Ösüş Bankynyň (AÖB) arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar. Mundan başga-da, söhbetdeşler ulag, saglygy goraýyş, telekeçilik ýaly ugurlarda täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini, şeýle...
BELGIÝANYŇ DIM-NDE TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 6-njy iýunynda Türkmenistan wekiliýetiniň Brýussele amala aşyrýan saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow bilen Belgiýanyň Daşary işler ministrliginiň köptaraplaýyn meseleler we ählumumylaşma boýunça baş syýasy direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji Gislen D’Hupyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri barada pikir alyşdylar. BMG we ÝHHG ýaly halkara we sebit gurama...