TÜRKMENISTANYŇ UKRAINADAKY ILÇIHANASYNDA TÜRKMENISTANYŇ ÇUŇŇUR HORMATLANÝAN PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ «ÝAŞLAR – WATANYŇ DAÝANJY» ATLY ILKINJI KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

img
img
img
img
img
img
img
img

2024-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda, Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň çuňňur hormatlanýan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Çärä Ukrainanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplar, türkmen diasporasynyň wekilleri we diplomatlar gatnaşyp, dabarada çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitabynyň ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki orny barada belläp geçdiler. Şeýle-de, ýaşlar Döwlet Baştutanymyzyň «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys» atly sözlerinden ruhlanyp, garaşylýan uly ynamy ýerine ýetirmäge we goşant goşmaga taýýardyklaryny mälim etdiler. Ilçihananyň diplomatlary hem öz gezeginde 2023-nji ýylda Türkmenistanyň esasy üstünlikleri barada durup geçdiler we “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” şygary astynda geçen ýylda «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 – 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň» durmuşa geçirilmegine ünsi jemlediler. Döwlet baştutanynyň türkmen ýaşlarynyň durmuş-ykdysady, medeni, ynsanperwer we beýleki ugurlardaky işlerine, gazananlaryna, ýaşlaryň häzirki we geljek nesli üçin ýan kitaby bolup durýandygy bellenildi.

Ýaşlaryň ýurduň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna işjeň gatnaşmagyny üpjün etmekden ybarat bolan Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Soňra çäre talyplaryň aýdym-saz çykyşlary bilen dowam etdi. Bu çäräniň çygrynda, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Bagt ýoly” goşgusyna milli saz guralda ýerine ýetirilen aýdymy çärä gatnaşyjylar tarapyndan joşgun bilen garşylandy.

Kitap sergisinde Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitaby, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň türkmen we ukrain dillerinde neşir edilen köp sanly kitaplary görkezildi.