TÜRKMENISTANYŇ UKRAINADAKY ILÇIHANASYNDA «PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY» ÝYLYNYŇ BAŞLANMAGY MYNASYBETLI DABARALY ÇÄRE GEÇIRILDI

img
img
img
img
img
img

2024-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň başlanmagy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.

Bu baýramçylyk çäresi, Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna we 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygaryna bagyşlanan täze ýylyň Ukrainada geçirilen ilkinji çäresi boldy. Türkmen ýaşlary möhüm çärä taýýarlyk görüp, dünýä edebiýatynyň altyn gaznasyna goşulan şahyr-akyldar Magtymguly Pyragynyň baý we bahasyna ýetip bolmajak edebi mirasyny öwrenmegiň ähmiýeti barada çykyş etdiler. Gatnaşanlar Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň mejlisinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli, 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmek hakynda ýurdumyzyň öňe süren başlangyçlarynyň biragyzdan goldanylandygyny bellediler. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hemişelik Bitarap Türkmenistanyň teklibi boýunça Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşulmagynyň ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiligindäki halkara abraýyny has-da dabaralandyrýandygy aýdyldy.

Talyplar Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygyryny, şeýle-de dünýä medeniýetiniň baý hazynasynyň aýrylmaz bölegi Magtymguly Pyragynyň “Türkmeniň”, “Durasyň geler”, “Delalat yagşy”, “Atça bolmaz”, “Ýaranlar”, “Bady sabany görsem” atly goşglaryny türkmen dilinde we “Печаль зосталася” hem-de “Добра і зла” goşgularyny ukrain dilinde çeper okadylar we milli saz gurallarda aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. Kitap sergisinde şahyr Magtymguly Pyragynyň durmuşyna we döredijilik ýoluna bagyşlanan kitaplar, şahyryň türkmen, ukrain, iňlis we beýleki daşary ýurt dillerindäki goşgular ýygyndylary bilen tanyşdyryldy.

Çäräniň ahyrynda dabara gatnaşyjylar 2014-nji ýylda türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pygragynyň 290 ýyllygyna baglyşlanyp düşürilen “Magtymguly” atly çeper filmine tomaşa etdiler.