SOŇKY HABARLAR
MEDENIÝET WE SUNGAT IŞGÄRLERINIŇ HEM-DE MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ŞYGRYÝET GÜNI KIÝEWDE DABARALY ÝAGDAÝDA BELLENILIP GEÇILDI
27-nji iýunda türkmen halky ajaýyp söz ussady, türkmen akyldary we şahyry Magtymguly Pyragyny hem-de medeniýet we sungat işgärleriniň baýramçylygyny dabaraly belleýärler. Goşa baýram – Medeniýet we sungat işgärleriniň güni, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni Türkmenistanda we daşary ýurtlarda giňden we dabaraly ýagdaýda bellenilýär. Şeýlelik bilen, şu gün Kiýew şäherinde paýtagtyň merkezindäki ajaýyp seýilgähde oturdylan Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine Türkmenistanyň Ukrainada...
MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ÝADYGÄRLIGI OTURDYLAN KIÝEW ŞÄHERINDÄKI SEÝILGÄHE INTERAKTIW GEZELENÇ
Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäherinde, Türkmenistanyň Ilçihanasynyň golaýynda ajaýyp seýilgäh ýerleşip, onuň çäginde Gündogaryň beýik akyldary, görnükli türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi oturdylan. Şahyryň ýadygärligi ýurdumyzyň beýik söz ussatlaryna hormat goýmagyň, türkmen medeniýetine we edebiýatyna özboluşly gyzyklanmanyň, iki halkyň arasynda iki onýyllygyň dowamynda dostlugyň we birek-birege hormat goýmagyň nyşany bolup durýandygy nygtarlyklydyr. Indi gyzyklanýan ähli inte...
TÜRKMENISTANYŇ ÝOKARY OKUW MEKDEPLERINIŇ 14-SI «THE IMPACT RANKINGS-2025» DÜNÝÄ REÝTINGINIŇ SANAWYNDA ORUN ALDY
?Times Higher Education (THE)» Britan guramasynyň garaşsyz halkara bilermenleriniň ykrarnamasyna eýe bolan Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 14-si «THE Impact Rankings-2025» atly her ýyl çap edilýän täsir etmegiň ählumumy reýtinginiň ýedinji neşiriniň setirlerinde ýerleşdiler. «THE Impact Rankings» reýtingi 2019-njy ýyldan bäri geçirilýär hem-de netijeliligiň esasy ählumumy sanawy bolup durýar. Şonda uniwersitetlere Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kesgitlenilen we durmuş-ykdys...
TÜRKMENISTANYŇ BARLAG-GOÝBERIŞ NOKATLARY GIJE-GÜNDIZIŇ DOWAMYNDA IŞLEÝÄRLER
Häzirki wagtda Eýrandan çykýan raýatlarynyň geçmegi üçin ýardam bermek haýyşy bilen 50-ä golaý döwletler Türkmenistana ýüz tutdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň barlag-goýberiş nokatlary Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Koreýanyň, BAE-niň, Saud Arabystanynyň, Omanyň, Bahreýniň, Kataryň, Kuweýtiň, Germaniýanyň, Şweýsariýanyň, Daniýanyň, Beýik Britaniýanyň we beýleki ýurtlaryň raýatlary bolan 2000-den gowrak adamy kabul etdiler...
KIÝEW ŞÄHERINDÄKI MAGTYMGULYNYŇ ÝADYGÄRLIGI OTURDYLAN SEÝILGÄHDE TÄZE GÜL BEZEGLERI
Görnükli türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi oturdylan Kiýew şäheriniň merkezi seýilgähinde täze gül bezegi döredildi. Ýylyň başyndan bäri iki gezek oturdylan gül bezegleriniň mowzugy Türkmenistanyň Döwlet nyşanlaryna bagyşlandy. Bu sapar oturdylan gül bezegleriniň görnüşi Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň nyşan aýratynlyklaryny we taryhyny beýan edýär. Ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýylynda, meşhur türkmen şahyrynyň ýadygärliginiň gapdalynda...
MA-NYŇ ÝAŞLARYNYŇ II DUŞUŞYGYNA GATNAŞYJYLARYŇ ÝÜZLENMESI BMG-NIŇ RESMINAMASY HÖKMÜNDE ALTY DILDE ÇAP EDILDI
Şu ýylyň 16-njy aprelinde BMG-niň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň ikinji duşuşygyna gatnaşyjylaryň Ýüzlenmesi Baş Assambleýanyň we Howpsuzlyk Geňeşiniň resminamasy hökmünde A/79/894–S/2025/255 belgisi bilen alty dilde çap edildi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi web sahypasy habar berýär. Ýüzlenmede gatnaşyjylar ilatynyň ep-esli böleginiň 30 ýaşa ýetmedik ýaşlardan ybaratdygy bilen baglanyşykly Merkezi Aziýadaky demografiki diwiden...
LLDC3-IŇ ÇÄGINDE AWAZADA DEŇZE ÇYKALGASY BOLMADYK ÖSÜP BARÝAN ÝURTLARYŇ HUSUSY PUDAGYNYŇ FORUMY GEÇIRILER
BMG-niň iň az ösen ýurtlar, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar we kiçi ada ösüp barýan döwletler boýunça Ýokary wekiliň kanselýariýasy we Halkara söwda merkezi Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň hususy pudagynyň forumy geçiriler. BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Üçünji maslahatynyň (LLDC3) ýörite çäreleriniň biri hökmünde guraljak forum, 2025-nji ýylyň 5-8-nji awgusty aralygynda Türkmenistanyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler....