img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
6 Iýun

TÜRKMEN ILI GURBAN BAÝRAMYNY BELLEÝÄR

Şu günler Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde hem-de ýurduň ähli welaýatlarynda Gurban baýramy giňden bellenilýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny umumadamzat gymmatlyklaryny baýlaşdyrýan hem-de belent ynsanperwerlik gatnaşyklaryny pugtalandyrýan Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady. “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň giňden we dabaraly bellenýän ýylynda hem yslam dünýäsiniň merkezi bolup durýan iki mukaddeslikde...

DOWAMY
pic
2 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ WE MONGOLIÝANYŇ PREZIDENTLERINIŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI

02.06.2025ý. senede Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Mongoliýa amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh bilen gepleşikleri geçirdi. Türkmenistanyň Prezidenti pursatdan peýdalanyp, mongol kärdeşine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň döwlet Baştutany Türkmenistanyň Mongoliýa bilen syýasy-dipl...

DOWAMY
pic
1 Iýun

KIÝEWDÄKI TÜRKMEN ÝAŞLARY BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI MYNASYBETLI WELOSIPED ÝÖRIŞINE GATNAŞDYLAR

Ukrainadaky türkmen talyp ýaşlary we diasporanyň wekilleri üçin tomusyň ilkinji güni işjeňlik we şadyýanlyk bilen başlandy. Her ýylyň 3-nji iýunynda bellenilýän Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy ekologiki welosiped ýörişini gurady. Welosipedli ýöriş Ukraianyň “Daşary ýurt wekilhanalaryna hyzmat etmek boýunça Baş döwlet kärhanasy” bilen bilelikde, işjeň dynç alyş we sporuň açyk görnüşleri üçin ajaýyp we ekologiýa taýdan arassa howasy bilen tanalýan Kiý...

DOWAMY
pic
31 Maý

Türkmenistan “Merkezi Aziýa – Italiýa” Sammitiniň çäginde hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Astana şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa – Italiýa” görnüşindäki birinji sammite gatnaşdy. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Baştutany ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi. Hususan-da, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşyk geçirildi. Mähirli we ynanyşmak ýagdaýynda geçen duşuşykda taraplar dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak şeýle hem iki ýurduň arasyndaky köp ugurly hyz...

DOWAMY
pic
28 Maý

TÜRKMENISTAN BILEN BMG-NIŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ ÇARÇUWALY MAKSATNAMASYNYŇ ÖSÜŞI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

27-nji maýda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021 - 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça Ýolbaşçy komitetiň utgaşykly görnüşdäki mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, mejlise Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçy düzümi we işgärleri, ýurduň birnäçe ministrlikleriniňdir pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de...

DOWAMY
pic
28 Maý

“TURKMENTEXTILE EXPO-2025” TÜRKMENISTANYŇ DOKMA PUDAGYNYŇ MÜMKINÇILIKLERINI TANYŞDYRAR

2025-nji ýylyň 11 – 13-nji iýunynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda “Turkmentextile Expo-2025” atly halkara sergi-ýarmarkasy geçiriler. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi we “TurkmenExpo” kärhanasy çäräni guraýjylar bolup çykyş edýärler. Sergi dokma önümçiligi üçin enjamlar, tebigy süýümi gaýtadan işlemek, lybaslary, aýakgaplary, hojalykda ulanylýan dokma önümleri, ätiýaçlyk şaýlary, himiki serişdeleri, boýaglary, esbaplary öndürmek hem-de döwrebap tehnologiýa çözgütl...

DOWAMY
pic
25 Maý

KIÝEW ŞÄHERINDE TÜRKMEN HALYSYNYŇ BAÝRAMY MYNASYÝETLI GEÇIRILEN ÇÄRE

Kiýew şäherindäki Magtymguly adyndaky kitaphanasynda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli medeni we sungat sergi çäresi geçirildi. 2025-nji ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanda birnäçe baýramçylyk, ýagny Aşgabat şäheriniň 144 ýyllygy we Türkmen halysynyň güni giňden we dabaraly ýagdaýda bellenilýär. Baýramçylykdan bir hepde öň, Kiýew şäheriniň Swýatoşinskiý etrabynda ýerleşýän “Swiçado” merkezleşdirilen kitaphana ulgamynyň Magtymguly adyndaky kitaphanasynda etrabyň okuwdan daşary “Suratkeş...

DOWAMY