RSS

SOŇKY HABARLAR

13 Sen

AŞGABATDA HAZARÝAKA DÖWLETLERINIŇ HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 11-13-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Hazar deňziniň meseleleri boýunça ýokary derejeli Iş toparynyň altynjy maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine bäş hazarýaka döwletiň – Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň wekilýetleri gatnaşdylar. Maslahatyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar hazar boýunça güntertibiniň esasy meselelerini, hususan-da ylalaşygyň taslama...

DOWAMY
11 Sen

TÜRKMEN-HYTAÝ GATNAŞYKLARY BABATYNDA ÖZARA PIKIR ALYŞYLDY

2023-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Hytaýyň halkara ösüş we hyzmatdaşlyk Agentliginiň başlygynyň orunbasary Den Botsin bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda köp ugurlar boýunça türkmen-hytaý hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygynyň okgunly ösüşi bellenip geçildi. Taraplar halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyny, şeýle hem medeni-ynsanperwer ugurdaky, şol sanda, bilim, saglygy goraýyş we medeniýet ulgamlarynda...

DOWAMY
8 Sen

UNFPA-NYŇ SEBITLEÝIN DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK

2023-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Ilat ýagdaýy we ösüşi boýunça halkara konferensiýasynyň Hereketler maksatnamasyny amala aşyrmakda Türkmenistanyň gazanan üstünliklerini ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanan milli maslahata gatnaşmak üçin Aşgabada gelen UNFPA-nyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory Florens Bauer bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen UNFPA-nyň 2021-2025-nji ýylla...

DOWAMY
8 Sen

TÜRKMENISTAN ANWAR GARGAŞ ADYNDAKY DIPLOMATIK AKADEMIÝASY BILEN HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMÄGE MAKSAT EDINÝÄR

2023-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, iş sapary bilen Aşgabat şäherine gelen Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýasynyň (BAE) baş direktory Nikolaý Mladenow bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşykda R.Meredow bu saparyň Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýasynyň arasyndaky bilim pudagynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak nukdaýnazaryndan ähmiýetini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ministr Türkmeni...

DOWAMY
8 Sen

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE BMG-HABITAT BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ UGURLARYNA SEREDILDI

2023-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Aşgabada iş sapary bilen gelen BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (BMG-HABITAT) wekilleri Katýa Şefer we Herman Piýenaar bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen BMG-HABITAT-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem mundan beýläk dowam etdiriljek hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary kesgitlenildi. Şunuň bilen...

DOWAMY
6 Sen

PARIŽDE TÜRKMEN-FRANSUZ SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Parižde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Fransiýanyň Ýewropa we daşary işler ministri Katrin Kolonna bilen resmi duşuşygy geçirildi. Duşuşykda ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik gatnaşyklary işjeňleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu nukdaýnazardan döwlet derejesinde saparlary guramagyň mümkinçiliklerine hem seredilip geçildi. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary halkara we sebit syýasatynyň iň möhüm meseleleri...

DOWAMY
6 Sen

TURKMENISTANYŇ WEKILÝETINIŇ HALKARA SERGILER BÝUROSYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYGY

2023-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Pariž şäherine iş saparynyň çäginde Halkara sergiler býurosynyň (HSB) Baş sekretary Dmitriý Kerkentzes bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy Türkmenistanda ileri tutulýan ugurlary ösdürmek meseleleri, şol sanda sergi işiniň ulgamynda toplumlaýyn amala aşyrylýan işler barada maglumat berdi. Şunuň bilen bir hatarda, söhbetdeşe 2023-nji ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň Prezidenti t...

DOWAMY