Tapylan netije sany: 8960
TÜRKMEN BOKSÇYSY HURSAND IMANKULIÝEW WBC ÝEWRAZIÝA GÖRNÜŞI BOÝUNÇA ÇEMPION BOLDY
Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk 29-njy maýda Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde geçirildi.
Imankuliýew garşydaşyny nokout edip, tutluşygy eýýäm birinji raundda möhletinden öň tamamlady. Türkmen türgeniniň garşydaşy professional derejede 8 ýeňşi, 1 ýeňlişi we 1 deňme-deň oýny bolan tanzaniýaly boksçy Adam Daça boldy. Tutluşyk ýarym agyr agram derejesind...
AŞGABATDA TÜRKMEN HALYSYNYŇ GÜNI BELLENILDI
Däp bolşy ýaly, maý aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyz iň bir uly milli baýramçylyklarynyň birini - türkmen halysynyň gününi belledi. Aşgabatdaky türkmen halysynyň milli muzeýi dabaranyň üns merkezinde bolup, bu ýerde nusgawy mirasyň eserlerini we häzirki zaman işlerini jemleýän uly möçberli sergi açyldy.
Serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň, ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik işgärleri, şeýle hem ýurtda akkredetirlenen diplomatik wekilhanalar...
ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI DABARALY BAÝRAMÇYLYK ÇÄRELERI GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň ähli künjeklerinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçirildi.
Bu baýram mynasybetli, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň çagalaryna we halkyna baýramçylyk gutlagyny iberdi.
Şeýle hem dabaraly çäre paýtagtymyzyň «Aşgabat» medeniýet we dynç alyş seýilgähinde geçirildi.
Çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Bilim ministrligi, Saglygy goraýyş we de...
"VIVIENNE WESTWOOD", "FASHION CHANNEL ITALY" “TURKMEN TEXTILE EXPO” SERGISINE GATNAŞARLAR
Aşgabatda 4–6-njy iýun aralygynda geçiriljek “Turkmen Textile Expo 2026” halkara sergisine Britaniýanyň "Vivienne Westwood" moda öýüniň baş ýerine ýetiriji direktory Karlo D'Amario we Italiýanyň "Fashion Channel Italy" telekanalynyň esaslandyryjysy Marçio Noçera gatnaşar. Bu barada çäräniň guraýjylary habar berýär.
Dürli ýurtlardan gelen dokma öndürijilerini, dizaýnerleri, işewürlik wekillerini we pudaklaýyn hünärmenleri bir ýere jemlejek bu serginiň esasy aýratynlyklarynyň biri - moda dünýäs...
TÜRKMENISTANDA HALKARA ATLY SPORT BÄSLEŞIKLERI BOÝUNÇA GURAMAÇYLYK DÖWLET TOPARY DÖREDILDI
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkynyň genji-hazynasyna öwrülen behişdi bedewleriň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak hem-de halkara atly sport we gözellik bäsleşiklerine taýýarlygy üpjün etmek maksady bilen, bu bäsleşikleri ýokary derejede geçirmek boýunça Guramaçylyk döwlet toparyny döretmek baradaky Karara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
Soňky ýyllarda Türkmenistan milli atçylyk mirasyny halkara derejede...
“TÜRKMENISTANYŇ 2026 — 2030-NJY ÝYLLAR ÜÇIN MILLI TOKAÝ MAKSATNAMASY” TASSYKLANYLDY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy goramak boýunça döwlet syýasatynyň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, howanyň üýtgemeginiň täsirini azaltmak babatda işleriň esasy ugurlaryny kesgitlemek, ekoulgamlaryň we tokaý hojalygynyň bu ýagdaýlara durnuklylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem “Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenistanyň 202...
https://ukraine.tmembassy.gov.tm/tk/news/162025TÜRKMENISTANDA BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI BELLENILÝÄR
Şu gün Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni giňden bellenilýär. Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişler, şeýle hem dabaraly çäreler uly ruhubelentlige beslenýär. Sagdynlyk, raýdaşlyk, dostluk we ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlylyk ýaly umumadamzat gymmatlyklarynyň ähmiýetini açyp görkezýän bu halkara baýram parahatçylygyň ilçisi, özara ynanyşmak we düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň nyşany hökmünde sporty giňden wagyz...
https://ukraine.tmembassy.gov.tm/tk/news/162031AŞGABATDA “TURKMENTEXTILE EXPO — 2026” HALKARA SERGI-ÝARMARKASY AÇYLDY
Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde çarşenbe güni “Turkmentextile Expo — 2026” atly halkara sergi-ýarmarka öz işine başlady.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Turkmentextile Expo — 2026” halkara sergi-ýarmarkasynyň gatnaşyjylaryny gutlady. Döwlet Baştutany gutlagynda dokma senagatynyň milli ykdysadyýetiň ýokary depginlerde ösýän möhüm pudaklarynyň birine öwrülendigini belledi.
Şeýle hem soňky ýyllarda pudagyň önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylandygyny,...
TÜRKMENISTAN DAŞKENTDE GEÇIRILEN C5+1 DUŞUŞYGYNDA MEDENI HYZMATDAŞLYGYŇ ÄHMIÝETINI NYGTADY
Türkmenistan 2026-njy ýylyň 5-nji iýunynda Daşkent şäherinde geçirilen C5+1 formatyndaky Merkezi Aziýa döwletleriniň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Medeniýet ministrleriniň duşuşygynda medeni hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belledi.
Duşuşyk 2025-nji ýylyň noýabr aýynda Waşington şäherinde geçirilen C5+1 sammitinde gazanylan ylalaşyklaryň dowamy bolup, şol sammitiň jemleri boýunça medeni mirasy gorap saklamak babatda Bilelikdäki Beýannama kabul edilipdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar medeni mi...
MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ŞYGRYÝET GÜNLERI: MEDENIÝET WE SUNGAT IŞGÄRLERINIŇ HEM-DE MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ŞYGRYÝET GÜNÜNI BELLEMEK BOÝUNÇA MEDENI WE BILIM ÇÄRELERINIŇ TAPGYRY
Her ýylyň 27-nji iýunynda Türkmenistanda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de XVIII asyryň nusgawy türkmen şahyry we akyldary, döredijiligi türkmen halkynyň ruhy mirasynyň aýrylmaz bölegi we dünýä medeni mirasynyň möhüm bölegi bolan Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden bellenilýär.
Bu möhüm senäni dabaraly bellemekligiň çäklerinde, Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy Kiýew şäherindäki Magtymguly adyndaky kitaphanasy bilen bilelikde 2026-njy ýylyň 11-19-njy iýuny aralygynda onlaýn we...