Tapylan netije sany: 8960
DÖWLETJAN ÝAGŞYMYRADOW NOBATDAKY SÖWEŞINI 31-NJI IÝULDA PFL NY ÝARYŞYNDA GEÇIRER
Garyşyk başa-baş söweş sungaty (MMA) boýunça türkmen türgeni, PFL guramasynyň ýarym agyr agram derejesindäki dünýä reýtinginde ikinji orny eýeleýän Döwletjan Ýagşymyradow 31-nji iýulda ABŞ-nyň Nýu-Ýork ştatynyň Long-Aýlend sebitindäki UBS Arena sport toplumynda geçiriljek PFL NY ýaryşyna gatnaşar. Onuň garşydaşy reýtingde bäşinji orny eýeleýän, «Smooth» lakamy bilen tanalýan iňlis söweşijisi Simeon Pauell bolar.
Bu duşuşyk Ýagşymyradowyň häzirki möwsümdäki işjeň çykyşlarynyň dowamyna öwrüler....
TÜRKMENISTAN WE CASCA+ ÝURTLARY ÝÜK DAŞAMALARYNY ARTDYRMAK YLALAŞYGYNA GOL ÇEKDILER
Türkmenistan we CASCA+ halkara ulag geçelgesine gatnaşyjy bäş döwlet ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmaga hem-de bu ugry mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen ylalaşyga gol çekdiler.
Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Gruziýanyň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň demir ýol edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda 8–9-njy iýunda geçirilen maslahatyň jemi boýunça resminama gol çekildi.
Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar CASCA+ ulag geçelgesiniň häzirki iş görkezijilerine garap, 2025-nji...
BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ BITARAPLYK SYÝASATYNYŇ ORNY BARADAKY KARARNAMASY GURAMANYŇ ALTY RESMI DILINDE ÇAP EDILDI
Türkmenistanyň başlangyjy esasynda kabul edilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 82/262 belgili «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi goldamakda hem-de berkitmekde Bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamasy Guramanyň alty resmi dilinde çap edildi.
Kararnamanyň BMG-niň ähli resmi dillerinde çap edilmegi Baş Assambleýanyň resminamany kabul etmeginden soňky resmi taýdan resmileşdirmek işini tamamlaýar we Birleşen Milletler Guramasynyň agza döwletl...
KIÝEW ŞÄHERINDE BEÝIK TÜRKMEN ŞAHYRYNYŇ DÖREDIJILIGINIŇ MUŞDAKLARYNYŇ GATNAŞMAGYNDA MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ŞYGRYÝET GÜNLERI GEÇIRILDI
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygynyň bellenilmeginiň çäklerinde, hem-de Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli şu ýylyň 11-20-nji iýuny aralygynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy Kiýew şäherindäki Magtymguly adyndaky kitaphanasy bilen bilelikde “Magtymguly Pyragynyň şygryýet günlerini” geçirdi.
Çäreler onlaýn we oflaýn görnüşlerde geçirilip, olara medeniýet we bilim ulgamynyň wekilleri, Magtymgulynyň döredijili...
TÜRKMENISTAN BILEN MALAÝZIÝA ENERGETIKA ULGAMYNDA TÄZE YLALAŞYKLARY BAGLAŞDY
Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda anna güni geçirilen “Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl” atly halkara ylmy-amaly maslahatynyň çäklerinde energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen birnäçe möhüm resminamalara gol çekildi.
Gol çekilen resminamalaryň hatarynda “Türkmennebit” döwlet konserni, “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd” komp...
KIÝEWDE BEÝIK TÜRKMEN ŞAHYRY WE AKYLDARY MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ÝADYGÄRLIGINE GÜL GOÝUŞ DABARASY GEÇIRILDI HEM-DE TÜRKMENISTANYŇ MEDENIÝET WE SUNGAT IŞGÄRLERINIŇ GÜNI BELLENILDI
2026-njy ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe, şeýle-de görnükli türkmen şahyry, pelsepeçisi, Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň şygryýet günlerine bagyşlanan dabaraly çäreleri geçirdi.
Baýramçylyk maksatnamasynyň esasy bölegi Kiýew şäheriniň merkezi seýilgähleriniň birinde ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy bilen başlandy. Çärä Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň, daşary...
DAŞARY IŞLER MINISTRLERIŇ ORUNBASARLARY DEREJESINDE TÜRKMEN-UKRAIN SYÝASY GEŇEŞMELERI
2026-njy ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň DIM-nde daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi.
Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, ukrain wekiliýetine bolsa Ukrainanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko ýolbaşçylyk etdi.
Geňeşmeleriň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyg...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ UKRAINANYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARASYNYŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYGY
2026-njy ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ukrainanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklar boýunça Ýörite wekili Wiktor Maýko bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, dürli ulgamlarda...
Türkmen türgenleriniň Özbegistanda geçirilen Aziýa çempionatynda gazanan ýeňişleri
Özbegistan Respublikasynyň Fergana şäherinde geçirilen guşakly göreş boýunça Aziýanyň çempionatynda türkmen türgenleri 9 medal gazandylar. Ýygyndy topardan ildeşlerimiz 3 sany altyn we 6 sany bürünç medala mynasyp boldylar.
15 döwletden 200-den gowrak türgeni jemlän guşakly göreşiň erkin usuly boýunça türkmen göreşijileri 3 sany altyn we 3 sany bürünç medala eýe boldylar. Çempionatyň altyn medallaryny Şatlyk Durdygulyýew (agram derejesi 68 kilograma çenli), Hekim Täşliýew (100 kilograma çenli...
Türkmenistan Niderlandlar Patyşalygynda geçiriljek ahalteke bedewleriniň dünýä çempionatyna taýýarlyk görýär
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 2026-njy ýylyň 4–6-njy sentýabrynda Niderlandlaryň Kronenberg şäherindäki "Pilbergen" atçylyk toplumynda geçiriljek atçylyk sporty boýunça dünýä çempionatyna we ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigine taýýarlyk görmek meselelerine bagyşlanan brifing geçirildi.
Çärä Türkmenistanda iş alyp barýan diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem ýerli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Olar Ýe...