Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy we Singapuryň premýer-ministriniň kanselýariýasynyň ministri özara gatnaşyk meselelerini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Daşary işler Ministri Raşid Meredowyň Singapuryň Premýer-ministriniň edarasynyň Ministri Mohamad Maliki bin Osmanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygynyň barşynda halkara we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri maslahatlaşyldy diýip, türkmen DIM-niň saýty habar berýär.

Duşuşyk Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň Gazagystan Respublikasyna halkara we döwlet ähmiýetli birnäçe çärelere gatnaşmak maksady amala aşyrýan resmi saparynyň çäklerinde geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda döwletara gatnaşyklary ösdürmekde iň ýokary we ýokary derejedäki gatnaşyklaryň ähmiýeti, şeýle hem ozal amala aşyrylan saparlaryň netijeliligi bellenildi.

Taraplar halkara ähmiýetli we ikitaraplaýyn derejedäki hyzmatdaşlygyň, hususan-da bilim, oba hojalyk, ulag ulgamy, maýa goýum, energetika, nebit we himiýa ugurlaryndaky möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bulardan başga-da, häzirki zaman tehnologiýalar ulgamynda özara tejribe alyşmagyň mümkinçiliklerine hem seredildi.

Şeýle hem, iki ýurduň işewürler toparlarynyň özara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmeginiň ähmiýeti nygtaldy.