Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynyň Beýannamasy

Soňky wagtlar Ukrainanyň käbir köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Türkmenistanda "hukuk goraýjy edaralaryň kömegi bilen penitensiar edaralarynda Ukrainadaky söweşlere gatnaşdyrmak üçin bikanun mobilizasiýa amala aşyrylýar" diýen maglumatlar peýda bolýar.

Mundan başga-da, käbir ukrain harby bilermenleri “Youtube” kanallarynda Türkmenistanyň çäginiň Owganystanda hakyna tutulan harbylar üçin üstaşyr geçelge hökmünde ulanylýandygy baradaky maglumaty ýaýradýarlar.

Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy, Türkmenistanyň penitensiar edaralarynda Ukrainadaky söweşler üçin bikanun mobilizasiýanyň we Owganystanda hakyna tutulan harbylaryň üstaşyr geçmegi üçin biziň ýurdumyzyň çägini ulanmaklary baradaky ýaýradylýan maglumatlaryň hakykata laýyk gelmeýändigini habar berýär. Ukrainanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habarçylaryna ýaýradylýan maglumatlaryň dogrulygyny has hem içgin barlamagy maslahat berýär.

Şeýle hem, agzalan meseleler boýunça Ukrainanyň resmi häkimiýetlerinden türkmen tarapyna hiç bir ýüz tutmanyň iberilmändigini belleýäris.

Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy ikitaraplaýyn gatnaşyklara zeper ýetirip biljek esassyz aýyplamalaryň we Türkmenistan barada beýleki ygtybarsyz maglumatlaryň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, Ukrainanyň Daşary işler ministrligine bu ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine täsir etmek baradaky haýyş bilen ýüzlenýär.