UKRAINANYŇ MILLI TEHNIKI UNIWERSITETINIŇ “KIÝEW POLITEHNIKI INSTITUTY”-NYŇ WEKILI BILEN GEÇEN DUŞUŞYK BARADA

25.04.2023ý. Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasynda Ukrainanyň milli tehniki uniwersitetiniň “Kiýew politehniki instituty”-nyň halkara bilim merkeziniň direktory S.Maulik bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda uniwersitetiň Türkmenistandan dalaşgärleri çekmek, tehniki ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlamak islegleri barada pikir alyşyldy. Ilçihana duşuşygyň dowamynda Türkmenistanda nebit-gaz pudagyň ösdürilýändigi, bu ugurda iri önümçilik desgalaryň açylýandygy, şol sebäpli bu ugurda daşary ýurt tejribesini öwrenmek maksady bilen hünärmenleriň taýýarlanylmagyna islegiň ulydygy, galyberse-de, ady agzalan Uniwersitetiň tehniki ugurlarynda bio-lukmançylyk tehnikasy, howa tehnikasy, radiolokassiýa, sputnik aragatnaşygy, kiber howplara garşy göreşmek, maşyngurluşyk, komýuter ylymlary, lukmançylyk inženerçiligi ýaly hünärlerine islegiň ýokarydygyny habar berdi. Taraplar, Ukrainadaky harby ýatdaýlar tamamlanandan soňra türkmen talyplaryny bu uniwersitete okamaga çekmäge gyzyklanma bildirdiler.