Ukrainanyň “Çernobyl-2008” Halkara ynsanperwer guramasynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşyk barada

06.06.2023ý. Ilçihanada Ukrainanyň “Çernobyl-2008” Halkara ynsanperwer guramasynyň başlygy Irina Şermuk we onuň orunbasary Larisa Korobowa bilen duşuşyk geçirildi. Guramanyň wekilleri Ukrainadaky uruş ýagdaýlary bilen bagly, birnäçe çagalaryň ýetim galyp, ynsanperwer ýardama mätäçlik çekýändigi babatyndaky meselä ähmiýet berdiler.

Guramanyň wekilleri Türkmenistanyň hökümetiniň ýardam etmeginde 2016-njy ýylyň tomus möwsüminde howandarlyga mätäç ukrain çagalarynyň saglyklaryny dikeltmeklik üçin Türkmenistana amala aşyran sagaldyş syýahatyna, olara Awazanyň “Daýanç” sagaldyş merkezinde döredilen mümkinçilikler we örän ýokary hyzmatlar üçin minnetdarlyklaryny, bu saparyň Ukrain çagalarynda uly täsir galdyrandygyny bellediler.

Haýyr-sahawat guramasynyň ýolbaşçylary, saglygyny dikeltmäge mätäçlik çekýän çagalara goldaw bermek üçin ähli tagallalary edýändiklerini habar berip, olaryň saglygyny dikeltmek maksatly Türkmenistana syýahatyny guramak isleýändiklerini aýtdylar.

Taraplar ýaş nesliň sagdyn we ýagty geljegi üçin hyzmatdaşlygy dowam etdirmek barada ylalaşdylar.