Ukrainanyň ““Bereginýa” Nadežda Wowk Haýyr-sahabat gaznasy” haýyr-sahabat guramasynyň wekilleri bilen duşuşyk we hoşallyk hatlaryň gowşurylyşy barada

23.06.2023ý. Ilçihanada ““Bereginýa” Nadežda Wowk Haýyr-sahabat gaznasy” haýyr-sahabat guramasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Gaznanyň direktory N.Wowk Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan Ukrain halkynyň çagalaryna edilen haýyr-sahabat kömegi mynasybetli Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň atlaryna hoşallyk hatlaryny gowşurdy. N.Wowk türkmen ynsanperwer kömeginiň Donesk, Harkow, Zaparožýe we Nikolaýew sebitleriniň çagalaryna paýlanandygyny habar berdi.