UKRAIN WE TÜRKMEN SURATKEŞI IWAN ÇERINKONYŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 115 ÝYLLYGY BARADA

4-nji awgustda, Türkmenistan SSR-niň hormatly sungat işgäri, ukrain we türkmen suratkeşi we mugallymy Iwan Çerinkonyň doglan gününiň 115 ýyllygy bellenildi.

Iwan Çerinko 1908-nji ýylda Ukrainanyň Çerkassy oblastynyň Zolotinskiý raýonynyň Dengi obasynda dünýä indi. Kiýew sungat institutyny gutardy, professional işine Kiýewdäki institutdan soň başlady, 1933-nji ýylda onuň ikinji watanyna öwrülen Türkmenistana gitdi. Şol döwürde Türkmenistanda şekillendiriş sungatyna üns berilip başlanypdy. I.Çerinko Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigini döretdi. Onuň başlangyjy bilen Aşgabatda Şota Rustaweliniň adyndaky ilkinji sungat mekdebi döredilip, bu türkmen sungat mekdebinde dört ýyl mugallymçylyk etdi. Aýaly Türkmenistanyň tanymal halk suratkeşi Ýewgeniýa Adamowadyr. 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda I.Çerinko Aşgabat ýer yranmasynda pajygaly ýagdaýda aradan çykdy.