TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKIÝÄNIŇ DÖWLET TELERADIOKOMPANIÝASYNYŇ “TRT WORLD” TELEÝAÝLYMYNA BEREN INTERWÝUSY

– Türkmenistanyň çuňňur hormatlanylýan Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow! Möhüm döwlet işiňizden wagt aýryp biz bilen duşuşanyňyz, «TRT World» teleýaýlymyna interwýu berýäniňiz üçin Size köp sagbolsun aýdýarys.

Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasy köpasyrlyk taryhy, dostluk we doganlyk gatnaşyklary bolan döwletler bolup, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar «Bir millet — iki döwlet» şygary bilen häsiýetlendirilýär. Siz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki derejesine nähili baha berýärsiňiz, geljekde edilmeli işler barada pikirleriňiz nämelerden ybarat?

– Sowalyňyz üçin sag boluň! Bu sowala jogap bermezden ozal, Türkiýe Respublikasynyň döwlet teleradiokompaniýasyna hormat goýýandygymy aýtmak bilen, onuň alyp barýan möhüm ähmiýetli işine ýokary baha berýändigimi bellemek isleýärin.

Siziň teleradiokompaniýaňyzyň türki dünýäniň ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda bolup geçýän wakalar, olaryň taryhyny, däp-dessurlaryny, döwrebap ösüşini beýan etmek babatda örän wajyp işleri alyp barýandygyny aýtmak isleýärin.

Indi sowalyňyza jogap bereýin! Türkiýe Respublikasy bilen gatnaşyklarymyz barada aýdanymyzda, biz hemişe bu ýurduň doganlyk häsiýetini belleýäris. Hut şu «doganlyk» sözi Garaşsyz döwletler hökmünde biziň gatnaşyklarymyzyň ilkibaşdan we häzirki günlerine çenli syýasatda, ykdysadyýetde, ynsanperwer ulgamda, halkara giňişlikde tutuş ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň içinden eriş-argaç bolup geçýär.

Geçen asyryň ahyrynda türkmen döwletiniň emele geliş döwründe Türkiýäniň Türkmenistana beren goldawyny biz hiç wagt ýatdan çykarmarys. Türkiýe dünýä ýurtlarynyň arasynda ilkinji bolup biziň Garaşsyzlygymyzy ykrar etdi, Aşgabatda özüniň diplomatik wekilhanasyny açdy. Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň halkara derejede ykrar edilmeginiň ähli döwürlerinde Türkiýäniň goldawy aýratyn ähmiýetli boldy. Şol döwür ýola goýlan türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň däpleri, biziň gatnaşyklarymyzyň aýratyn häsiýeti ýyllar geçse-de, üýtgemän, has-da berkedi. Biziň halklarymyzyň we döwletlerimiziň gatnaşyklarynyň ösdürilýän berk binýadyna öwrüldi.

Ykdysady ulgamda Türkiýe Türkmenistanyň köpýyllyk üstünlikli hyzmatdaşy bolup, söwda dolanyşygynyň we maýa goýum işjeňliginiň derejesi boýunça ýurdumyzda öňdebaryjylaryň hataryna girýär. Daşary syýasatda, halkara giňişlikde Türkmenistan we Türkiýe parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, häzirki döwrüň howplaryna garşy göreşmek, Durnukly ösüş maksatlaryna eýermek işinde işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Biziň ynsanperwer ulgamda, ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar babatda gatnaşyklarymyz barha giňelýär.

Türkmenleriň we türkleriň baý taryhy mirasyna daýanyp, biz geljege ynamly garaýarys. Hyzmatdaşlygyň bilelikdäki meýilnamalaryny düzýäris we olary üstünlikli durmuşa geçirýäris.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň, meniň gadyrly doganym Rejep Taýyp Ärdoganyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşine goşýan şahsy goşandy barada aýratyn bellemek isleýärin. Gürleşenimizde men hemişe onuň Türkmenistana bolan aýratyn garaýşyny, hyzmatdaşlyga bolan üýtgewsiz taýýarlygyny duýýaryn.

Aýrylmaz taryhy arabaglanyşyga, gatnaşyklarymyzyň şu günki maksatlarynyň we mümkinçilikleriniň umumylygyna, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklerine düşünip, türkmen-türk gatnaşyklarynyň geljegini biz bile gurýarys. Halklarymyzyň we döwletlerimiziň bähbidine gönükdirilen hyzmatdaşlygymyzyň ajaýyp mümkinçiliklerine men berk ynanýaryn.

– Şu ýyl Türkmenistan Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyny belledi. Siziň pikiriňizçe, şol geçen döwürde ýurduňyzyň ýeten iň wajyp sepgitleri haýsylardan ybarat boldy hem-de öňüňizde goýan geljekdäki maksatlaryňyz barada aýdaýsaňyz?!

– Meniň pikirimçe, ýetilen esasy sepgit — Türkmenistanyň dünýäde Garaşsyz, özbaşdak, kuwwatly we uly abraýa eýe bolan döwlet hökmünde emele gelmegi. Galan zatlar munuň dowamy bolmak bilen, elbetde, türkmen halkynyň häzirki zaman taryhynyň iň esasy we kesgitleýji binýady bolup durýar.

Ýetilen sepgitleriň maddy tarapy barada aýdylanda, ykdysadyýetde, durmuş we beýleki ulgamlarda bu görkezijiler ýeterlik derejede ähmiýetlidir.

Bu gün Türkmenistan durnukly ösýän ykdysadyýeti, uly senagat-önümçilik binýady, köpugurly ulag we kommunikasiýa ulgamy, kuwwatly energetika toplumy, döwrebap oba hojalygy bolan döwletdir. Jemi içerki önümiň her ýylky ösüşi 7 — 10 göterim derejede durnukly saklanýar. Dünýädäki häzirki ykdysady çökgünlik şertlerinde hem geçen ýyl bu görkeziji 5,9 göterim boldy.

Durmuş ulgamy döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugrudyr. Biz her ýyl bu ulgama Döwlet býujetiniň 70 göterimini gönükdirýäris. Ýurdumyzda ýaşaýyş jaýlarynyň, durmuş ähmiýetli döwrebap binalaryň halkara ölçeglere laýyk gelýän giň möçberli gurluşygy amala aşyrylýar. «BMG-niň Adamzat ösüşiniň indekslerine we görkezijilerine» laýyklykda, Türkmenistan bu görkezijileri ýokary bolan ýurtlaryň hataryna girýär. Ilatyň girdejisiniň derejesi boýunça bolsa biz dünýäniň ortaça görkezijilerinden ýokary bolan ýurtlarynyň hatarynda.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmegi Garaşsyzlygymyzyň ýeten iň möhüm sepgidi boldy. Bu bize diňe bir milli bähbitlerimizi üpjün etmäge esaslanan özbaşdak daşary syýasy ugrumyzy amala aşyrmaga mümkinçilik bermän, eýsem, ähli döwletler bilen dostlukly, deňhukukly we birek-birege hormat goýmak esasyndaky gatnaşyklary ýola goýmaga, olar bilen ykdysady, söwda, maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa Türkmenistanyň ösüşine, onuň ykdysady, önümçilik binýadynyň kämilleşmegine oňyn täsir edýär. Iş orunlarynyň sanynyň artdyrylmagyny, durmuş maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyny, ilatyň ýaşaýyş şertleriniň hiliniň gowulandyrylmagyny üpjün edýär.

Umuman, geçen 30 ýyllyk milli ösüş adamlaryň ýaşaýşyny gowulandyrmak, Türkmenistanyň özbaşdaklygyny berkitmek, döwlet gurluşynyň meýilnamalaryny amala aşyrmagyň esasy şerti hökmünde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek maksady bilen, ägirt uly mümkinçilikleri döretmegiň hem-de ulanmagyň döwri boldy.

– Birnäçe gün bäri paýtagt şäher bolan Aşgabada aýlanyp gördüm. Taryhy döwür bilen şu günki medeniýet biri-biri bilen utgaşypdyr. Size ata-babalarymyzyň nesihatlary bilen döwrebap dessurlaryň arasyndaky deňagramlygy saklamak nähili başardýar?

– Ýaňy-ýakynda türkmen ýaşlary, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bilen bolan duşuşykda men taryhymyzyň dowamatlylygyna, däp-dessurlaryň we döwrebaplygyň arasyndaky arabaglanyşyk meselesine aýratyn ünsi çekdim. Men iň gymmatly mirasyň özeninde bilim we ylym bolan edep-terbiýeden ybaratdygyny belledim. Dogry we hemmetaraplaýyn terbiýe bolsa, ilki bilen, asyrlaryň synagyndan geçen taryha, däp-dessurlara, ata-babalarymyzyň tejribesine, ahlak gymmatlyklaryna daýanmakdyr. Pederlerimiziň geçen gahrymançylykly ýoly, ata Watanymyzyň ajaýyp taryhy ýaşlarymyzyň hökman geçmeli nusgalyk mekdebidir. Men bu barada «Paýhas çeşmesi» atly kitapda hem aýratyn nygtadym.

Birinji müňýyllygyň başyndaky Beýik Hun döwleti, Rim we Hytaý imperiýalary bilen bäsdeş bolan Parfiýa türkmen şalygy, ikinji müňýyllykdaky Hindistana çenli uzap gidýän Gaznaly türkmenleriniň döwleti, Hytaýdan Ortaýer deňzine çenli öz täsirini ýetiren Beýik Seljuk türkmenleriniň döwleti, ylmyň, medeniýetiň we sungatyň özboluşly nusgalaryny miras goýan Köneürgenç türkmenleriniň döwleti, Garagoýunly we Akgoýunly türkmenleriň döwleti — bularyň ählisi Türkmenistanyň hem-de türkmen halkynyň geçen taryhy ýolunyň beýikliginiň aýdyň subutnamasydyr.

Meşhur taryhçylaryň gadymy hat-ýazuw çeşmelerine we işlerine ser salmak gerek. Olar bütin adamzat taryhynyň dowamynda türkmen halkynyň parahatçylyk we ynsanperwerlik gymmatlyklaryna eýerip, beýik taryh we medeniýet döredendigini tassyklaýar. Bu toprakda Merw, Gürgenç, Nusaý, Abiwerd, Dehistan, Sarahs, Amul, Zemm, Şähryslam ýaly iri şäherler döredi. Olar ösüp barýan şäherler bolup, ylmyň, bilimiň merkezi hökmünde ykrar edildi. Bu şäherler dünýä ylmynyň, medeniýetiniň, edebiýatynyň, sungatynyň ösüşine uly goşant goşdular.

«Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitapda men geljekde türkmeniň taryhy ýoluny dowam etmeli, milli däp-dessurlarymyzyň we sepgitlerimiziň nesilden-nesle geçmegini üpjün etmeli ýaşlarymyza arzuwlarymy beýan etdim. Bu duşuşykda biziň topragymyzda ýaşap geçen, dünýä ylmynyň ösüşine ägirt uly goşant goşan beýik şahsyýetler ýaly ylmyň täze parlak ýyldyzlarynyň, dünýä meşhur şahsyýetleriň dörejekdigine berk ynanýandygymy aýtdym. Bu sözleri aýtmaga mende ähli esas bar, çünki türkmen ýaşlaryna bilim we terbiýe bermek babatda oýlanyşykly döwlet syýasaty bu gün öz ajaýyp netijelerini berýär.

Biziň ýaşlarymyz öz beýik ata-babalarynyň göreldesinden ylham alyp, ylmy işlerde ýokary netijeleri gazanýarlar. Dürli dersler boýunça halkara olimpiadalarda ýeňiji bolup, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Dünýäniň iri sport ýaryşlarynyň münberlerinde öňdäki orunlary eýeleýärler. Döwletimiz ýaşlaryň bilim, ylym, sport belentliklerine bolan hyjuwyny maddy taýdan hem goldaýar. Bu bolsa ata-babalarymyzyň bize goýan mirasynyň we Türkmenistanyň geljeginiň — Garaşsyz, ösüp barýan we özi hakynda alada edýän döwletde ýaşaýan ýaşlarymyzyň arasyndaky bölünmez arabaglanyşygyň, taryhyň we häzirki günüň nesilden-nesle geçmeginiň mysaly bolup durýar.

– Elbetde, men hem şähere gezelenç eden wagtym Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp gördüm, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryny synladym we Olimpiýa şäherçesindäki sport toplumlaryna aýlandym. Siziň geljekki nesil üçin amala aşyran uly işleriňize janly şaýat boldum. Men Siziň gazanan üstünlikleriňize buýsanyp, ýakymly pursatlary başdan geçirdim. Sebitdäki ýurtlar bilen hyzmatdaşlyga nähili baha berýärsiňiz? Kärdeşleriňiz bilen gatnaşyklaryňyz barada aýdyp beräýseňiz?!

– Bu hyzmatdaşlyga netijeli, ynamdar, anyk çözgüde gönükdirilen hökmünde baha berýärin. Öz gatnaşyklarymyzda biz hoşniýetli goňşuçylykdan, birek-birege hormat goýmakdan, doganlykdan we halklarymyzyň medeni-siwilizasion ýakynlygynyň taryhy baglanyşygyndan ugur alýarys. Bu berk binýat geljege ynamly garamaga, ähli ugurlarda hyzmatdaşlyk üçin giň gerimli, uzak möhletli we durmuş ähmiýetli meýilnamalary düzmäge mümkinçilik berýär.

Şu ýylyň awgust aýynyň başynda Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy geçirildi. Bu ýokary döwlet derejesinde syýasy aragatnaşygyň täze görnüşi bolup, biz onuň Merkezi Aziýada döredijilikli hereketleriň kemala getirilmegi üçin hemişelik binýat boljakdygyna ynanýarys.

Sebitdäki kärdeşlerim, Merkezi Aziýa döwletleriniň hormatly Prezidentleri bilen sebitiň durnukly we yzygiderli ösüşini hem-de onda ýaşaýan halklaryň abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, özara ylalaşykly çözgütleriň kabul edilmeginiň üstünde işleýäris, yzygiderli gepleşikleri geçirýäris. Gepleşiklerimiziň gün tertibi sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, ykdysady, energetika, ulag we aragatnaşyk hyzmatdaşlygyny ösdürmek, daşky gurşaw meselelerini çözmek, Merkezi Aziýanyň dünýä ykdysady we kontinental gatnaşyklaryna goşulyşmagy hem-de başga-da köp möhüm meseleleri we beýleki derwaýys mowzuklary öz içine alýar.

Bir ýarym ýyl bäri biziň ýurtlarymyz öz tagallalaryny birleşdirip, pandemiýanyň ýaýramagyna garşy bilelikde göreşýärler. Derman serişdeleri, lukmançylyk enjamlary, şahsy gorag serişdeleri we beýleki ýardamlar bilen bir hatarda, Merkezi Aziýa döwletleri söwda gatnaşyklaryny degişli derejede saklamaga, ýük daşamak üçin mümkinçilikleri döretmäge, başlanan ykdysady taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilen çäreleriň toplumyny işläp düzdüler we amala aşyrdylar.

Bäş döwletiň Baştutanlary dostlugy we hyzmatdaşlygy yzygiderli hem-de gyşarnyksyz berkitmäge, hoşniýetli goňşuçylygy, agzybirligi we taryhy ykballarymyzyň biri-biri bilen aýrylmazlygyny gorap saklamaga çalyşýandyklaryny tassykladylar.

– Ýakyn wagtlarda Azerbaýjan — Türkmenistan — Türkiýe üçtaraplaýyn sammitini geçirmek meýilleşdirilýär. Sammitiň gün tertibi hem-de ondan garaşýan netijeleriňiz barada aýdyp beräýseňiz?!

– Hyzmatdaşlygyň bu görnüşi döredildi hem-de onuň üç doganlyk döwletiň we halkyň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýändigine, şonuň üçin-de onuň uly islegden peýdalanmagy netijesinde, doly möçberde durmuşa geçiriljekdigine ynanýaryn.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň, olaryň ýolbaşçylarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň derejesi syýasat, ykdysadyýet, söwda we ynsanperwer ugurlar boýunça üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygy ynamly, netijeli ösdürmäge hem-de kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär. Biziň ýurtlarymyz ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy gorap saklamak hem-de berkitmek boýunça bilelikde ähli tagallalary edýärler. Sebit meselelerinde netijeli hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmegiň ýörelgelerini yzygiderli hem-de tutanýerli öňe sürýärler.

Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň çemeleşmeleri Merkezi Aziýa, Hazar we Gara deňzi sebitleriniň ösmegine oňyn täsir edýär. Bu sebitleriň Ýewraziýanyň bu bölegindäki uzak möhletli durnuklylygyň berk binýadyna öwrülmegine goşant goşýar.

Söwda we ykdysady gatnaşyklar özara bähbitli hem-de deňhukukly esasda yzygiderli ösdürilýär. Üç döwletiň mümkinçilikleriniň birleşdirilmegi, umumy çeşmeleriň ulanylmagy, geografik, senagat we tehnologik aýratynlyklar diňe bir milli ykdysadyýetiň ösmegine güýçli itergi bermän, eýsem, tutuş Ýewraziýa giňişliginde geoykdysady gurluşa, täze döredijilik many-mazmunyna we aýratynlyklaryna goşant goşup biljekdiginiň subutnamasydyr. Gürrüň, ilkinji nobatda, energetika, ulag, aragatnaşyk ýaly strategik ugurlar barada barýar. Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Gündogar — Günbatar ugry boýunça ygtybarly ulag we energetika köprüsiniň emele gelmeginde öňdebaryjy orun eýeleýändigine ynanýaryn.

Belli sebäplere görä yza süýşürilen Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Prezidentleriniň duşuşygynyň ýakyn wagtlarda geçiriljekdigine umyt edýäris. Bu duşuşyk üç doganlyk döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhynda aýdyň sahypa bolup, hyzmatdaşlygymyzy kämilleşdirer we baýlaşdyrar, onuň täze ugurlaryny açar. Türkmen, azerbaýjan we türk halklarynyň jebisliginiň hem-de agzybirliginiň nobatdaky subutnamasy bolar.

– Türkmenistan sebitiň ýurtlary we onuň çäginden daşarda ýerleşen döwletler bilen energetika, ulag, söwda we beýleki ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary üstünlikli ýola goýýar. Siziň pikiriňizçe, haýsy taslamalar has ähmiýetli boldy?

– Olaryň hemmesi üstünlikli, çünki olar taslama düzülende kesgitlenen maksatlara doly gabat gelýärler. Men eýýäm durmuşa geçirilen taslamalar ýa-da häzirki wagtda amala aşyrylýan taslamalar barada aýdýaryn. Olar Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoly, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisi we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy, Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky Serhetabat — Turgundy ugry boýunça demir ýol ýaly taslamalardyr.

Elbetde, energetika taslamalarynyň arasynda strategik taýdan aýratyn möhümi Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygydyr. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çäginde Türkmenistandan Hytaýa barýan gaz geçirijiniň dördünji şahasyny gurmak maksadynyň bardygyny bellemelidiris. Ulag pudagynda Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ugry boýunça taslamanyň uly geljegini görýäris.

Umuman, Türkmenistanyň strategiýasy sebitiň döwletleriniň çalt ösmegi, dünýä ykdysadyýetine goşulyşmagy, Ýewraziýa giňişliginde halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek nukdaýnazaryndan, sebitdäki döwletleriň serişdelerini we geografik mümkinçiliklerini ýokary derejede netijeli ulanmaga gönükdirilendir.

 Hormatly Prezident, şu ýyl Türkmenistanyň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşine synçy hökmünde goşulmagyna garaşylýar. Bu gurama synçy hökmünde goşulmak baradaky çözgüdi kabul etmäge sebäp bolan ýagdaýlar barada aýdyp beräýseňiz?

– Mälim bolşy ýaly, şu ýyl — «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen ýylda ata Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny giňden dabaralandyrýar. Geçen ýyl bolsa ýurdumyz ýene-de bir şanly senäni — hemişelik Bitarap döwlet hökmünde halkara derejede ykrar edilmeginiň 25 ýyllygyny belläp geçdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky Kararnamasy bilen dünýäniň 185 ýurdy tarapyndan biragyzdan ykrar edilen we Baş Assambleýanyň 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Kararnamasy bilen ikinji gezek tassyklanan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgesi bolup durýar. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 12-nji dekabryň «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edilmegi bolsa ýurdumyzyň alyp barýan oňyn Bitaraplyk syýasatynyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge goşan uly goşandynyň ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistan Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan döwründen bäri, BMG-niň degişli Kararnamasynyň ähli kadalaryny üýtgewsiz durmuşa geçirip gelýär. Ýurdumyz dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy hökmünde daşary syýasatda hemişelik Bitaraplyk, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk, döwletleriň özygtyýarlylygyna we çäk bitewüligine hormat goýmak, köptaraply harby-syýasy şertnamalara we bileleşiklere goşulmazlyk ýaly borçnamalary öz üstüne aldy.

Geçen döwürde ýurdumyzyň alyp barýan Bitaraplyk daşary syýasaty öz netijeliligini, dünýä jemgyýetçiliginiň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýändigini aýdyň görkezdi. Hemişelik Bitaraplygyna esaslanyp, Türkmenistan giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen, ähli ýurtlaryň we halklaryň düýpli bähbitlerine laýyk gelýän möhüm başlangyçlar bilen çykyş edip, olary iş ýüzünde durmuşa geçirmekde hem çäreleri amala aşyrýar.

Ýurdumyzyň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşine synçy hökmünde goşulmagy baradaky çözgüdi kabul etmäge sebäp bolan ýagdaýlar barada aýdanymyzda bolsa, Türkmenistan bu geňeşiň mejlislerine hemişe ýokary derejede işjeň gatnaşyp gelýär. Şunuň bilen birlikde Türkmenistan türki dilli ýurtlaryň ählisi bilen dürli ugurlarda dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk edýär. Şoňa görä-de, biz Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşine synçy hökmünde goşulmak baradaky çözgüdi kabul etdik.

Men Türkmenistanyň Türki geňeşe synçy hökmünde gatnaşmagynyň guramanyň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklarda alyp barýan işlerine goşant goşjakdygyna berk ynanýaryn.

– Siziň maşgala gatnaşyklaryna, maşgala agzalaryňyza uly hormat goýýandygyňyz hemmelere mälimdir. Maşgala düşünjesi Siziň üçin nämäni aňladýar?

– Meniň üçin, umuman, türkmenler üçin maşgala gatnaşyklary çagalarymyza we agtyklarymyza miras galýan, gorap saklanmaga degişli mukaddeslikdir.

Adamyň iň gowy häsiýetleriniň biri ene-atasyna bolan çäksiz söýgüsidir. Türkmen nakylynda aýdylyşy ýaly, «Ataň bagtly bolsa — Allatagala bereket berer, eneň bagtly bolsa — pygamber ýalkar».

Dogruçyl we hakyky adam bolmak, borçlaryňy yhlas bilen ýerine ýetirmek, adamlara hemaýat etmek, ähdiňe wepaly bolmak ýaly ilkinji wesýetleri hem-de nesihatlary, öz topragyňa, onuň taryhyna bolan söýgi, watansöýüjilik öz dowamatyňa görä hereket etmekdir. Meniň ynsan we syýasatçy hökmünde kemala gelmegime aýratyn täsirini ýetiren bu düşünjeleri hem öz dowamatyma siňdirmekdir.

– Öz boş wagtyňyzy nähili geçirýärsiňiz?

– Boş wagtym az, iş güni daň atmanka başlanýar we giç agşam gutarýar. Dynç almak üçin wagtym bolsa, ony peýdaly we netijeli geçirmäge çalyşýaryn — köp okaýaryn ýa-da döredijilik we sport bilen meşgullanýaryn.

– Siz Prezident wezipesine girişmezden öň lukmançylyk ugry boýunça bilim aldyňyz, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri wezipesinde işlediňiz. Men Siziň ýazan birnäçe kitaplaryňyz bilen tanyşdym we okadym. Siz görnükli syýasatçy, ýazyjy hem-de alym. Hünär saýlamakda şu günki ýaş nesillere näme maslahat berersiňiz?

– Hünär saýlamak belli bir käriň inçeliklerini ele almaga ymtylýan ýaş adamyň gyzyklanmalary bilen baglanyşykly bolmalydyr. Kesbiňden kemal tapmak üçin işiňi söýmeli, şonda üstünlik hem geler. Elbetde, alyp barýan işiňe elmydama halkyň esasy işiniň bir bölegi hökmünde garamaly. Adam özüniň Watanyň ykbalyna hemişe dahyllydygyny duýmalydyr.

Adam hemişe durmuşda öz mynasyp ornuny tapmak üçin saýlap alan hünäriniň inçeliklerini ele almaga ymtylmalydyr. Hünär derejesini kämilleşdirmäge çalyşmalydyr. Öz saýlap alan kärine wepaly bolup, hünär ussatlygyny artdyrmaga çalyşýan adam at-abraý hem gazanar. Il içinde hormatly ada-da mynasyp bolar. Ilkinji nobatda, öz ýüregiňe ýakyn hünäri saýlamaly. Ony ýokary derejede ele almaga çalyşmaly. Ussat hünärmen bolup ýetişmek üçin hemişe köp okamaly, öwrenmeli, kämilleşmeli. Şoňa görä-de, öz zehiniňe, ukyp-başarnygyňa görä hünär saýlamagy esasy meseleleriň biri hasaplaýaryn.

– Çuňňur hormatlanylýan Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow! Örän möhüm döwlet işleriňiziň köpdügine garamazdan, wagt tapyp, biziň bilen duşuşandygyňyz, «TRT World» teleýaýlymyna interwýu berendigiňiz üçin Size köp sagbolsun aýdýarys. Biz munuň üçin özümizi bagtly duýýarys.