TÜRKMENISTANYŇ WE ERMENISTANYŇ YKDYSADYÝET BOÝUNÇA ÝOKARY OKUW MEKDEPLERINIŇ ARASYNDA HYZMATDAŞLYGYŇ MÜMKINÇILIKLERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Şu ýylyň 16-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ermenistanyň Döwlet ykdysadyýet uniwersitetiniň rektory Diana Galoýan bilen duşuşdy.

Ilçi Aýazow ikitaraplaýyn diplomatiki gatnaşyklary ösdürmek we berkitmek babatynda Ilçihananyň umumy alyp barýan işleri barada aýdyp geçdi. Şol bir wagtda bu duşuşygyň esasy maksadynyň  Türkmenistanyň Döwlet ykdysadyýet we dolandyryş uniwersiteti bilen Ermenistanyň Döwlet ykdysadyýet uniwersitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak bolup durýandygyny belledi.

Rektor D.Galoýan bolsa öz gezeginde ýokary okuw jaýynyň işi bilen tanyşdyrdy. Bu ýokary okuw jaýynda ykdysadyýetiň ähli ugurlary boýunça hünärmenleriň taýýarlanýandygyny belledi. Ol şol bir wagtda “Amberd” ylmy-barlag merkeziniň işi barada jikme-jik aýdyp bermek bilen, Ilçini bu bilim edarasynyň işleri bilen hem tanyşdyrdy. Şeýlelikde, rektor daşary ýurt ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny nygtady.

Gürrüňdeşler ylmy-barlaglar çygrynda hyzmatdaşlygyň, hususan-da, iki döwletiň ykdysady gatnaşyklary bilen bagly derňewleri geçirmegiň möhümdigini bellediler. Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşylandan we takyklaşdyrylandan soň iki dostlukly döwletiň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada memoranduma gol çekmek kararyna gelindi.